Alymlar 2032-nji ýyla çenli Kaliforniýada bolup biljek güýçli ýertitremesi barada duýduryş berýärler

  • 28.05.2025 23:21
  • 9.7k+

Barlagçylar Kaliforniýanyň San-Fransisko aýlagynda ýakyn onýyllyklarda güýçli ýertitremäniň bolup biljekdigini çaklaýarlar. Bu barada Mercury News neşiri ýazýar.

ABŞ-nyň Geologiýa gullugynyň geofizigi Sara Minson 2055-nji ýyla çenli sebitde uly ýertitremesiniň bolmagynyň ähtimallygynyň 72%-e çenli ýokarlanandygyny aýtdy. Guramanyň öz çaklamalaryna görä, ilkinji güýçli ýertitremesi bary-ýogy ýedi ýyldan, ýagny 2032-nji ýylda bolup biler.
Hünärmenleriň sözlerine görä, Kaliforniýadan we Aýlag sebitinden geçýän San-Andreas jaýrygy 7,8 ýa-da ondanam ýokary magnitudaly ýertitremesini döredip biler. Magnitudasy 6,7-den ýokary bolan soňky ýertitremesi 1989-njy ýylda bolupdy. Şonda 63 adam ýogalyp, 4 müňe golaý adam şikes alypdy.
26-njy maýda San-Andreas jaýrygynyň demirgazyk çetinde bolan ýer sarsgynlaryndan soň täze howsala tolkuny ýüze çykdy. Jemi ýedi ýertitremesi bolup, olaryň bäşisi biri-biriniň yzyndan birnäçe minut aratapawut bilen bolup geçdi. Olaryň biri 4,6 magnituda ýetdi.  Zyýan çekenler ýa-da weýrançylyklar hasaba alynmady.
Taryhy maglumatlar sebitde güýçli ýertitremeleriň, takmynan, 150 ýyldan bir gezek bolup geçýändigini görkezýär. Iň soňky ýertitreme 167 ýyl ozal, 1906-njy ýylda bolupdy. Şol wagt magnituda 7,9 boldy. Ýer titremesi San-Fransiskonyň binalarynyň 80%-ini weýran etdi we 3000 adamyň ölmegine sebäp boldy.
Bilermenler başga bir ýertitremesiniň 1800 adamyň ölmegine, 50 000 adamyň şikes almagyna we 200 milliard dollarlyk ykdysady zyýan ýetmegine sebäp bolup biljekdigini çaklaýarlar.
Minson kaliforniýalylaryň her ýyl bolup geçýän kiçi ýertitremeleriniň howpuny äsgermezlik etmeli däldiklerini  belleýär. Ol uly ýertitremelerini akulanyň hüjümleri bilen deňeşdirip, olaryň seýrek, ýöne gorkunçdygyny belledik. Geofizik aragatnaşyk we ulag gatnawy kesilen ýagdaýynda ýakynlaryň bilen nähili habarlaşjagyňy öňünden meýilleşdirip goýmagy maslahat berýär.


düýn 16:45
3.2k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

düýn 16:26
3.9k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.7k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

07.06.2026 17:07
983

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......