Gwatemalada ýaşy tas 3 müň ýyl bolan gadymy maýýa şäheriniň harabalygy tapyldy

  • 03.06.2025 17:00
  • 5.8k+

Arheologlar Gwatemalada ýaşy tas üç müň ýyl bolan gadymy maýýa şäheri Los-Abuelosyň harabalygyny tapdy. Bu barada ýurduň Medeniýet ministrligine salgylanyp, The Guardian habar berýär.

Şäher ýurduň demirgazygyndaky El-Peten departamentinde, meşhur binagärlik toplumy Uahaktundan 21 km uzaklykda ýerleşýär. Onuň meýdany, takmynan, 16 inedördül kilometre barabar. Los-Abuelos, takmynan, b.e.öň 800-500-nji ýyllarda gurlupdyr.
Los-Abuelos ady ispan dilinden “Ene we ata” diýlip terjime edilýär. Şäher öz adyny bu ýerde b.e.öňki 500-300-nji ýyllara degişli bolan antropomorf heýkelleriň tapylmagy netijesinde aldy. Maýýada öz ata-babalaryna hormat goýmak örän möhüm bolupdyr.
Maýýa medeniýet hökmünde, takmynan, b.e.öňki 2000-nji ýylda ýüze çykyp, b.e. IV-X asyrlarynda häzirki Meksikanyň, Gwatemalanyň, Beliziň, Salwadoryň we Gondurasyň çäklerinde gülläp ösüpdir.
Gwatemalanyň Medeniýet ministrligi Los-Abuelosyň maýýanyň iň gadymy dini we däp-dessur merkezleriniň biridigini habar berdi.
Şeýle-de, arheologlar nagyşlar bilen bezelen 33 metrlik piramidany we suw üçin ulanylan kanallar ulgamyny tapdy. Bu elementler maýýa inženerliginiň ösendigini görkezýär.

“Bu üç obýekt ozal näbelli şäher üçburçlygyny emele getirýär. Bu tapyndylar ispanlar gelmezden öňki El-Peteniň däp-dessur we sosial-syýasy guramasyna täzeçe garamaga mümkinçilik berýär” – diýip, ministrlik belledi.


22.06.2026 23:12
3.9k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

19.06.2026 19:49
4.9k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
3.9k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......