Aşgabatda uglewodorod serişdelerini özleşdirmegiň täze tehnologiýalary we ekologiýa jähetleri maslahatlaşyldy

  • 07.06.2025 13:13
  • 2.7k+

5-nji iýunda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda utgaşykly görnüşde «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» (TESC 2025) atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ol «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guraldy.

Maslahatyň esasy maksady sanly tehnologiýalar we adam maýasyny ösdürmek babatda Türkmenistanyň döwlet guramalary bilen iri energetika kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, ylmy jemgyýetleriň we maliýe institutlarynyň arasynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybaratdyr.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň işi «Täze uglewodorod serişdelerini özleşdirmekde energetiki mümkinçilikler, täze tehnologiýalar we daşky gurşaw taraplary» hem-de «Adam maýasy ekologik jogapkärçiligiň hereketlendiriji güýji hökmünde: metanyň we kömürturşy gazynyň zyňyndylary babatyndaky meseleleri çözmekde hünär bilimini we innowasiýalary ulanmak» atly mowzuklaýyn mejlislerde dowam etdi.
Mejlisleriň dowamynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylary we öňdebaryjy hünärmenleri hem çykyş etdiler. Olar halkara, sebitleýin we milli ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň strategiýasyny döretmek barada tanyşdyrmalar, şeýle hem dünýäniň nebit bazaryndaky ýagdaýlar, bu ugurda marketing strategiýalary barada seljerme maglumatlary bilen çykyş etdiler hem-de toplan tejribelerini, täze taslamalaryny paýlaşdylar.
Birinji mejlis häzirki zaman ählumumy energetika landşaftynyň derňewine we uglewodorodlaryň geljekki ornuny kesgitlemäge, olary gözlemek, gazyp almak we gaýtadan işlemek babatda gazanylan üstünlikleri görkezmäge, şeýle hem daşky gurşawa ýetýän täsiri azaltmak boýunça strategiýalary ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlandy.
Ikinji mejlisde ekologiýa durnuklylygyny gazanmakda adam faktorynyň aýgytly ornuna üns çekildi. Şeýle hem metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça strategiýalar, şol sanda Derweze gaz krateri boýunça işleşmekde innowasion çemeleşmeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisleriň dowamynda halkara derejeli bilermenler türkmen kärdeşleri bilen tejribelerini paýlaşdylar hem-de köp mukdardaky kömürturşy gazy saklanýan uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek we atmosfera zyýanly zyňyndylary azaltmak boýunça hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmagyň ugurlaryny kesgitlediler. Türkmen alymlary hem bu ugurda täze ylmy işläp taýýarlamalaryny tanyşdyrdylar. Şeýle hem durnukly howpsuzlyk medeniýetini kemala getirmäge we ekologiýa töwekgelçiligi barada habarlylygy ýokarlandyrmaga aýratyn üns çekildi.
Maslahatyň jemleri boýunça degişli resminama kabul edildi. Şeýle hem ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümindäki kärhanalaryň ýolbaşçylary bilen olaryň daşary ýurtly hyzmatdaşlarynyň arasynda onlaýn duşuşyklar geçirilip, mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň strategik ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.


15.11.2025 09:34
6.9k+

Türkmen geologlary seýsmiki-gözleg işleriniň netijesinde birnäçe gurluşlary ýüze çykardylar

14-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Amanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan nebiti we tebigy gazy gözlemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy...

08.11.2025 18:22
6.2k+

Türkmenistan Abu-Dabide ADIPEC-2025 halkara sergisinde nebitgaz mümkinçiliklerini tanyşdyrdy

3-6-njy noýabr aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde «Abu Dhabi International Petroleum Exhibition and Conference» (ADIPEC-2025) halkara nebitgaz sergisi we maslahaty geçirildi. Foruma Türkmenistanyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G...

25.10.2025 14:25
5.2k+

CNPC «Galkynyş» käniniň 4-nji tapgyryny 2026-njy ýylyň başynda özleşdirmäge girişer

Hytaýyň nebitgaz korporasiýasy (CNPC), Türkmenistanyň iň iri tebigy gaz känleriniň biri bolan «Galkynyş» känini senagat taýdan özleşdirmegiň 4-nji tapgyryny 2026-njy ýylyň başlarynda başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2025 halkara forumynda aýtdy...

23.10.2025 12:23
1.8k+

OGT-2025 halkara sergisiniň we maslahatynyň birinji gününiň netijeleri

22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň guramagynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly XXX halkara maslahat we sergi öz işine başlady...