Paleontologlar Ispaniýada stegozawryň gowy saklanyp galan kelleçanagyny tapdy

  • 01.06.2025 13:56
  • 3.4k+

Ispan paleontologlary möhüm tapyndy barada habar berdi. Ýurduň gündogaryndaky Teruel welaýatynda geçirilen gazuw-agtaryş işleri wagtynda stegozawryň kelleçanagy tapyldy – ol örän gowy ýagdaýda saklanyp galypdyr. Alymlaryň hasaplamalaryna görä, bu tapyndynyň ýaşy, takmynan, 150 mln ýyla barabar.

Ylmy gözlegiň netijeleri Vertebrate Zoology (VertebZoo) žurnalynda neşir edildi.
Kelleçanak giçki ýura eýýamyna we Dacentrurus armatus görnüşine degişlidir.
Bu açyşy eden Fundacion Dinopolis ylmy-gözleg gaznasynyň belleýşi ýaly, bu Ýewropada tapylan stegozawryň iň gowy saklanyp galan kelleçanagydyr.
Şeýle-de, alymlar plastinaly dinozawrlaryň ewolýusiýasy barada täze bir çaklamany öňe sürdi. Olar stegozawrlar toparynyň dürli wekilleriniň arasyndaky baglanyşyga global derejede täzeden seretmegi teklip etdi.
Stegozawrlar ösümlik iýýän dinozawrlardyr. Olar dört aýagynda hereket edipdir we olaryň arkasynda iki hatar süňk plastinasy we guýrugyna çenli “tikenleri” bolupdyr.
Tapylan kelleçanagyň öwrenilmegi ozal näbelli bolup galan Dacentrurus armatus-yň gurluşyny jikme-jik anyklamaga mümkinçilik berdi. 2025-nji ýylda onuň ilkinji gezek ylmy taýdan beýan edilmegine 150 ýyl dolýar.
Ylmy gözlegçileriň belleýşi ýaly, şeýle tapyndylar seýrek bolýar. Dinozawrlaryň kelleçanagy, adatça, süňkleriň gowşaklygy sebäpli saklanyp galmaýar.


düýn 08:10
4.8k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.7k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3.2k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......