Barlaglar orta asyrlarda maýyplara nädip çylşyrymly hirurgiki kömegiň edilendigini görkezdi

  • 23.05.2025 11:47
  • 3.9k+

Şwesiýanyň Lund uniwersitetiniň alymlary giçki orta asyr döwründe maýyplaryň uzak möhletli we ýokary hilli bejergi alyp bilendiklerini anykladylar. Bu barada Open Archaeology žurnalynda çap bolan makalada aýdylýar.

1980-nji ýyllarda geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleri wagtynda Şwesiýanyň Lund şäherindäki orta asyr gonamçylygyndan 1300-1536-njy ýyllar aralygynda ýaşap geçen adamyň süňkleri tapyldy. Ol çen bilen 30 ýaşynda aradan çykypdyr. Galyndylary öwrenip, hünärmenler onuň 20 ýaşyndaka atyň depmegi ýa-da agyr bir zadyň gaçmagy netijesinde agyr şikes alandygyny, ýagny çep dyzynyň döwlendigini anykladylar. Şondan soň ol ömrüniň ahyryna çenli pişekli ýa-da biriniň kömegine daýanyp hereket edipdir.

Orta asyr Skandinawiýada maýyplara nähili ideg edilendigine düşünmek üçin alymlar osteologiki derňewi we "şahsyýet 2399" diýlip kesgitlenen galyndylary 3D şekillendirmek kararyna geldiler. Netijeler garaşylmadyk bolup çykdy - bu adama dowamly, üstesine-de, öz döwrüniň çelgisi boýunça ýokary hilli bejergi berlipdir we ideg edilipdir.
Lukmançylyk kömegi lawanda ýagy bilen agyryny aýyrmaklygy, ýarany yzygider arassalamaklygy, osteomiýeliti (süňkleriň çişmegi) bejermekligi we iriňi aýyrmak üçin hirurgiki amallary öz içine alypdyr.

Emma beýle lukmançylyk kömegi az adam üçin elýeterli bolupdyr. Adamyň şikesden soň takmynan on ýyl ýaşandygyny göz öňünde tutup, barlagçylar onuň jemgyýetde ýokary orny eýeländigine ynanýarlar. Muny jaýlanan ýeri hem tassyklaýar, ol baý raýatlar üçin artykmaçlyk bolan ybadathana diňiniň düýbünde jaýlanypdyr.
Şol döwürde bar bolan ters düşünjelere we kemsitmelere garamazdan (maýyplyk ylahy jeza bilen baglanyşykly bolup biler), käbir ýagdaýlarda jemgyýetiň ýokary gatlagyna degişli  agyr hassalar diňe bir duýgudaşlyga däl, eýsem çylşyrymly lukmançylyk kömeklerine-de bil baglap bilipdirler.


13.06.2026 16:56
2k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.6k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

13.06.2026 11:09
1.8k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

12.06.2026 06:42
6k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....