Indoneziýanyň kenaryndaky Ýuwaş ummanynyň düýbünde gadymy dünýäniň yzlary tapyldy

  • 01.06.2025 13:53
  • 4.6k+

Indoneziýanyň kenarlarynda, Ýawa bilen Madura adalarynyň arasyndaky bogazyň düýbünde suwa giden gadymy jülgäniň yzlary tapyldy. Häzir bu ýerde ummanyň ýalpak ýeri bar diýip, Daily Mail habar berýär.

Geologlar Sumatra, Ýawa we Borneo adalarynyň arasyndaky umman düýbüniň birwagtlar gury ýer bolandygyny bireýýäm kesgitläpdi. Alymlaryň hasaplamalaryna görä, 7-14 müň ýyl ozal, buz eýýamy tamamlanandan soň, deňiz derejesi 120 metrden gowrak ýokary galypdyr we bu sebitde gury ýeriň bir bölegi suw astyna gidipdir. Bu suwa giden ýer Sundaland diýlip atlandyrylýar.
Ýakynda umman düýbüni çuňlaşdyrmak işleri geçirilende tötänleýin taryhdan öňki haýwanlaryň müňlerçe daşa öwrülen galyndylary tapyldy. Olaryň arasynda Homo erectus-yň wekiliniň, dik ýöreýän adamyň kelleçanagynyň bölekleri bar. Paleontologlar süňkleriň gurluşynyň ozal Ýawada tapylan Homo erectus-yň galyndylary bilen gabat gelýändigini tassyklady.
Bu görnüş, takmynan, 2 mln ýyl ozal peýda bolupdyr diýlip hasaplanýar. Ol iki aýakda ýörän ilkinji adam däldi, ýöne awstralopiteklerden tapawutlylykda anatomiki taýdan muňa doly uýgunlaşandy. Ylmy gözlegçiler gadymy adamlaryň bu sebitlerde, takmynan, 140 müň ýyl ozal ýaşandygyny kesgitledi.
Şeýle-de, alymlar gadymy derýalaryň yzlaryny we haýwan süňklerini tapdy. Haýwanlaryň galyndylarynyň arasynda sugunlaryň süňkleri köpdi, bu bolsa tokaýlaryň we ösümlikleriň bolandygyny hem-de bu haýwanlaryň adam üçin iýmit bolup hyzmat edendigini görkezýär. Mundan başga-da, häzirki pilleriň ýitip giden garyndaşy bolan stegodonyň süňkleri tapyldy.


düýn 10:51
813

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.7k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.8k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....