BYD wnedorožniginiň berkligini ýykylýan palma agajy we 12 tonnalyk awtobus bilen synap gördüler

  • 01.12.2025 14:47
  • 16k+

BYD konserni uzaldylan kaşaň wnedorožnigi bolan Yangwang U8L-i mahabatlandyrmagyň çäklerinde, beýleki zatlar bilen birlikde ulagyň berkligini we howpsuzlygyny görkezýän kreatiw wideony çykardy. Munuň üçin adaty bolmadyk usul oýlap tapdylar: kuzowyň berkligini onuň üstüne agajy ýykmak arkaly, ramanyň berkdigini bolsa 12 tonnalyk awtobus arkaly synagdan geçirdiler.

Wideonyň başynda sürüjiniň öňdäki direginiň töweregine, kuzowyň üstüne uly, hakyky palma agajyny ýykýarlar. Synag üç tapgyrda geçirilýär, agajyň ýykylýan aralygy (3, 4 we 5 metr) tapgyrlaýyn artdyrylýar we zarba kem-kemden güýçlendirilýär. Göze görnüp duran ýeke-täk zeper - bu şeýle zarba üçin ujypsyz hasaplanýan ýemşik. Sürüjiniň gapysy üç synanyşykdan soň hem kynçylyksyz açylyp-ýapylýar.
Wideonyň 11-nji minudynyň ahyrynda başga bir adaty bolmadyk synag görkezilýär. Wnedorožnigiň ramasynyň ortasyna, çekiş batareýasynyň oturdylan ýerine 12 tonnalyk awtobusy asýarlar. Bu ýüküň astynda ýönekeý göz bilen görnüp duran hiç hili deformasiýa döremeýär.
Wideonyň galan bölekleri modeliň beýleki artykmaçlyklaryna ünsi çekýär. Yangwang U8L özüniň dar meýdançadaky duralga (parkowka) mümkinçiliklerini, özboluşly daşky we içki yşyklandyryşyny, şeýle hem sürüjä kömek ulgamlarynyň işleýşini we köp sanly amatlylyk aýratynlyklaryny görkezýär.
Wnedorožnik aprel aýynda Şanhaý awtoulag sergisinde tanyşdyryldy. Ulagyň uzynlygy 5400 millimetr, teker arasyndaky aralyk 3250 millimetr. Güýç ulgamy dört elektrik hereketlendirijini we içinden ýandyrylýan hereketlendirijisini birleşdirip, umumy kuwwaty 1197 at güýjüni (AG) we 1280 Nm tork öndürýär. Ulag "ýüzmek" we "tank öwrümi" režimleri bilen enjamlaşdyrylan.


14.03.2026 09:25
3.9k+

Hytaý awtoulaglary ýurduň içindäkä garanyňda, daşary ýurda has köp satylýar

Hytaýyň iri awtoulag öndürijileri daşary ýurt bazarlaryna barha köp üns berip ugradylar. Ýurduň içinde satuwyň ösüşiniň haýallamagy kompaniýalaryň Hytaýdan daşarda täze müşderileri has işjeň gözlemäge mejbur edýär...

12.03.2026 10:59
3k+

BYD-niň kaşaň sedany gaýtadan zarýad berilmezden 1000 km-den gowrak ýol geçip bilýär

Hytaýyň BYD awtoulag öndürijisi özüniň Yangwang U7 lyuks sedanyny täzeledi. Täzelenmelere Blade batareýalarynyň ikinji nesli we täze Flash Charging has çalt zarýad beriş ulgamy girýär. Esasy üýtgeşiklik ýöreýiş ätiýaçlygynyň artmagydyr...

11.01.2026 21:26
4.1k+

BYD taksi we korporatiw awtoparklar üçin bazara täze Linghui brendini çykarýar

BYD kompaniýasy diňe korporatiw müşderiler we taksi parklary üçin niýetlenen täze Linghui («Linhueý») brendini işe girizýär. Brendiň ilkinji modelleri barada maglumatlar Hytaýyň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň bazasynda hödürlendi...

04.01.2026 22:10
3k+

BYD elektromobilleriň ýyllyk satuwy boýunça Tesla-dan öňe geçdi

Hytaýyň BYD kompaniýasy 2025-nji ýylyň jemi boýunça Tesla-dan öňe geçip, dünýäde iň uly elektromobil satyjysy boldy. Bu barada Interesting Engineering neşiri ýazýar. BYD-yň 1-nji ýanwardaky hasabatyna görä, kompaniýanyň ýyllyk satuwy tas 28% ýokarlanyp, 2,26 mln birlige ýetdi...