Tesla kompaniýasy BYD-dan öňe geçip, elektromobil ibermek boýunça liderligini yzyna gaýtardy

  • 04.04.2026 21:33
  • 4.4k+

Ilkinji üç aýyň jemleri boýunça Tesla kompaniýasy 2024-nji ýylyň ahyryndan bäri ilkinji gezek Hytaýyň BYD kompaniýasyndan elektromobil üpjünçiliginiň möçberi boýunça öňe geçmegi başardy.

Maglumatlara görä, amerikan awtoöndürijisiniň birinji çärýekdäki üpjünçiligi geçen çärýek bilen deňeşdirilende 14% azaldy, emma ýyllyk hasaplamada 6% artyp, 358 023 awtomobile deň boldy.

BYD kompaniýasynyň görkezijileri has pes boldy: kompaniýa elektromobilleriň we gibridleriň üpjünçiligini 25,5% azaldyp, 310 389 birlige çenli düşürdi. Ýöne Tesla-nyň diňe elektromobil öndürýändigini, BYD-yň bolsa elektromobiller bilen bir hatarda gibrid modellerini hem öndürýändigini göz öňünde tutsaň, göni deňeşdirme doly dogry bolman hem biler. Şeýle-de bolsa, diňe elektromobil segmentinde amerikan kompaniýasy has ýokary netije görkezdi.

Hünärmenler BYD-yň görkezijileriniň peselmegini Hytaý bazaryna bolan ýokary garaşlylygy bilen baglanyşdyrýar, bu ýerde bolsa bäsdeşlik barha güýçlenýär. Tesla, öz gezeginde, dürli bazarlarda iş alyp barýar, bu hem oňa has durnukly orunlary saklamaga kömek edýär.

Kompaniýalar 2023-nji ýylyň ortalaryndan bäri dünýäniň elektromobil bazarynda liderlik ugrunda bäsleşip gelýär. Şol ýylyň ahyryna çenli BYD ilkinji gezek satuw boýunça Tesla-dan öňe geçipdi we 2024-nji ýylyň ahyryndan bäri liderligini saklap gelýärdi, emma indi bu orun ýene-de Tesla geçdi.


13.05.2026 23:24
3k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

13.05.2026 09:33
7.2k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

11.05.2026 16:03
1.4k+

Tesla kompaniýasy Model S-iň we Model X-iň önümçiligini bes etdi

Tesla kompaniýasy resmi taýdan öz meşhur modelleriniň — Model S sedanynyň we Model X krossoweriniň önümçiligini bes etdi. Soňky awtoulaglar Fremont konweýer liniýasyndan çykaryldy we bu brendiň taryhyndaky......

06.05.2026 15:47
5.1k+

Tesla-nyň Fremontdaky zawodynda Model X-iň soňky nusgasy ýygnaldy

Tesla kompaniýasynyň Fremontdaky zawodynda Model X elektrik krossoweriniň taryhda iň soňkusy ýygnaldy....