Tesla kompaniýasy Model S-iň we Model X-iň önümçiligini bes etdi

  • 11.05.2026 16:03
  • 1.5k+

Tesla kompaniýasy resmi taýdan öz meşhur modelleriniň — Model S sedanynyň we Model X krossoweriniň önümçiligini bes etdi. Soňky awtoulaglar Fremont konweýer liniýasyndan çykaryldy we bu brendiň taryhyndaky möhüm bölümiň soňlanandygyny alamatlandyrdy.

Alyjylar indi awtoulaglary diňe ammardaky bar bolan ätiýaçlyklardan satyn alyp bilýärler. Bu karar kompaniýanyň gymmat, meşhur flagman awtoulaglaryny öndürmeklikden köpçülikleýin býujet modellerini öndürmäge we täze tehnologik ösüşleri işläp düzmäge gutarnykly geçýändigini nygtaýar.

14 ýyllap öndürilen Model S bir wagtlar dünýä bazaryna elektrik awtoulagynyň çalt we uzak aralyga ýetip biljekdigini subut etdi. Model X özüniň özboluşly Falcon Wing gapylary bilen tanalmaga başlapdy. Şeýle-de bolsa, soňky ýyllarda bazaryň ileri tutulýan ugurlary üýtgedi: 2025-nji ýylda Model 3-iň we Model Y-yň satuwy 1,6 million birlige ýetdi, Model S-iň we Model X-iň paýy bolsa bary-ýogy 50 000 töweregi boldy.

Frimont zawodynda boşadylan önümçilik kuwwaty Ilon Mask tarapyndan ozal yglan edilen Optimus gumanoid robotlarynyň önümçiligi ýaly täze taslamalar üçin ulanylar.


13.05.2026 23:24
3.1k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

06.05.2026 15:47
5.1k+

Tesla-nyň Fremontdaky zawodynda Model X-iň soňky nusgasy ýygnaldy

Tesla kompaniýasynyň Fremontdaky zawodynda Model X elektrik krossoweriniň taryhda iň soňkusy ýygnaldy....

02.05.2026 11:52
5.1k+

Tesla Cybercab-y köpçülikleýin çykaryp başlady: ulag önümçilikden çykyp duralga özi baryp durýar

Tesla kompaniýasy Tehasdaky Gigafactory zawodynda iki orunlyk, doly awtonom Cybercab elektromobiliniň köpçülikleýin önümçiligine resmi taýdan başlady....

28.04.2026 23:00
6.1k+

Tesla-nyň Cybertruck pikaplarynyň esasy alyjysy Ilon Maskyň özi bolup çykdy

Ilon Maskyň eýeçiligindäki kompaniýalar, ilkinji nobatda bolsa SpaceX, Cybertruck elektrik pikaplarynyň esasy alyjylaryna öwrüldiler. Olar geçen ýylyň dördünji çärýeginde ABŞ-da hasaba alnan ähli Cybertruck......