BYD zawodynda dörän ýangyn zerarly elektromobiller ýandy

  • 16.04.2026 19:09
  • 13k+

Hyytaýyň Şençžen şäherindäki BYD kompaniýasynyň zawodyna degişli köp gatly awtoduralgada güýçli ýangyn boldy. Kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, waka sişenbe güni irden ýüze çykdy.

​Bu awtoduralga esasan synagdan geçirilýän hem-de hasapdan çykarylan awtoulaglary ýerleşdirmek üçin ulanylýardy. Adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň işgärleriniň tagallasy bilen ýangyny doly öçürmek başartdy.

​Waka şaýat bolanlar ýangyn wagtynda asmany goýy gara dumanyň gurşap alandygyny we alawyn binanyň uly bölegine ýaýrandygyny aýdýarlar. Hünärmenler elektromobilleriň ýangynynyň adaty içinden ýanýan hereketlendirijili ulaglaryňkydan düýpli tapawutlanýandygyny belleýärler. Muňa sebäp — litiý akkumulýatorlarynyň ýangynyny öçürmek üçin täsirli usullaryň entek çäkliligidir.

​Bu waka kompaniýanyň ýylyň kyn başlangyjyndan soň öz görkezijilerini durnuklaşdyrmaga synanyşýan wagtyna gabat geldi. Mart aýynda Hytaýda satuwlaryň belli bir derejede artandygyna garamazdan, umumy satuw mukdarynyň peselmegi eýýäm ýedinji aý bäri dowam edip gelýär.


16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

19.05.2026 21:18
6.7k+

Hytaý awtomobilleri bir tigrini galdyryp, üçüsinde ýöremegi öwrendi

Hytaý awtoöndürijileri awtomobillere üç tigirde hereket etmäge we zeper ýeten tigri galdyrgyç (domkrat) ulanmazdan çalyşmaga mümkinçilik berýän işjeň asgy (podweska) ulgamlaryny ornaşdyrmaga başlady. Bu barada......