Türkmenistanyň ýaş startapçylarynyň bäsleşiginiň jemleri jemlenildi

  • 30.11.2025 22:24
  • 5.4k+

Türkmenistanda «Türkmenistan – mümkinçilikleriň ýurdy» atly ýaş innowatorlaryň bäsleşigi tamamlandy. Ol tehnologiýa, ylym we telekeçilik dünýäsinde özlerini görkezmäge taýýar mekdep okuwçylaryny, talyplary we ýaş mugallymlary birleşdirdi.

Bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen bilelikde, TMT Consulting Group hyzmatdaşlygynda yglan edildi.
Sentýabr aýynda yglan edilen arzalary kabul etmeklik uly gyzyklanma döretdi. Gatnaşyjylar sanly hyzmatlardan başlap, azyk howpsuzlygy ulgamyndaky taslamalara çenli dürli ideýalary hödürlediler. Ýüzlerçe dalaşgäriň arasyndan ekspert topary 23 sany ýarym finalçyny saýlady.
TMT Consulting Group binasynda bäsleşige gatnaşyjylar üçin ussatlyk sapaklary we okuwlar geçirildi. Onda hünärmenler ideýalary durmuşa ukyply önüme öwürmäge, başlangyç telekeçiligiň (startap-menejmentiň) esaslaryny ara alyp maslahatlaşmaga we prezentasiýalary taýýarlamaga kömek etdiler. Şeýle hem, öňdebaryjy kärhanalarda ýerinde tanyşdyryş duşuşyklary gurnaldy.
Final 25-nji noýabrda Türkmenistanyň täze Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde boldy. Gatnaşyjylar köp sanly gyzykly ideýalary, mysal üçin, türkmen dilindäki sesi tekste öwürýän programmany, kädiden un we onuň esasyndaky önümleri, ýerli ösümliklerden döredilen atyr yslaryny we başga-da birnäçe taslamany hödürlediler.
Iki günden soň maglumat tehnologiýalary we azyk howpsuzlygy diýen iki ugur boýunça 13 ýeňiji yglan edildi.
Ýeňijileriň arasynda iň ýaşy 12-nji synp okuwçysy boldy – ol ýurduň öňdebaryjy bankyndan hyzmatdaşlyk teklibini aldy.
Ýeňijiler Hormat hatlary, gymmat bahaly sowgatlar we taslamalaryny TMT Consulting Group goldawy bilen dowam etdirmäge mümkinçilik bilen sylaglandylar.


düýn 10:01
3.2k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
2.7k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......