Arktikada gadymy guşlaryň höwürtgeländiginiň ilkinji subutnamasy tapyldy

  • 04.06.2025 15:29
  • 7.4k+

Amerikaly we kanadaly paleontologlar Alýaskanyň demirgazygynda Giçki hek döwrüniň guşlarynyň süňkleriniň böleklerini tapdylar. Olaryň içinde uly guşlara degişlisi-de, jüýje guşlara degişlisi-de bar. Bu guşlaryň polýar tegeleginiň daşynda, takmynan, 73 million ýyl ozal höwürtgeläp başlandyklary baradaky ilkinji subutnamasy boldy, bu bolsa öň pikir edilişinden 30 million ýyl öň boldugydyr. Bu barada Science žurnalyna salgylanýan New Scientist habar berdi.

Prinston uniwersitetinden Loren Wilsonyň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary hek döwrüniň iň demirgazyk ýerüsti ekoulgamy bolan Prins-Krik formasiýasynda  gazuw-agtaryş işlerini geçirdiler. Şol döwürde häzirki Alýaskanyň çägi Demirgazyk polýusa has ýakyndy, howasy häzirkä garanda birneme maýyldy, ýöne ýowuz bolmagynda galýardy.
Barlagçylar -30° C temperaturada geçirilen gazuw-agtaryş işleri wagtynda toprak nusgalaryny çykaryp aldylar, soňra bolsa ony barlaghanada öwrendiler. Olar aglabasy jüýjelere ýa-da düwünçeklere degişli 50-den gowrak süňk böleklerini tapmagy başardylar. Süňkler çalt ösýän süňklere mahsus gubka görnüşindäki gurluşa eýediler.
Tapyndylarda gadymy guşlaryň üç toparynyň wekilleri: Ichthyornithes, Hesperornithes we häzirki Neornithes-iň ata-babalary bar. Galyndylaryň arasynda  hek döwründe giňden ýaýran topar bolan Enantiornis-iň süňkleri ýokdy. Alymlar bu guşlaryň Arktikadaky ýaşaýşa uýgunlaşyp bilmedik bolmaklarynyň mümkindigini  çaklaýarlar.
Bu guşlaryň ýylboýy Arktikada ýaşandyklaryny ýa-da däldigini anyk aýtmak mümkin däl hem bolsa-da, höwürtgeländikleri indi tassyk boldy. Bu guşlaryň polýar sebitlerine haçan göçüp barandygy baradaky pikiri üýtgedýär.


şu gün 10:53
201

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
955

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....