Türkmen alymlary Derweze gaz krateriniň alawlamasyny peseltmegi başardylar

  • 07.06.2025 12:21
  • 16k+

Garagum sährasyndaky Derweze gaz krateriniň ýanmagynyň depgini üç esse azaldy. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň barlaghanasynyň müdiri Irina Lurýewa habar berdi.

"Krateriň tertipsiz ýanmagynyň ýygjamlygy 2023-nji ýylyň awgust aýy bilen deňeşdirilende üç esseden gowrak azaldy. Bu bolsa görülýän çäreleriň netijeliligini aňladýar — diýip, ol Aşgabatda geçirilen "Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri" (TESC 2025) atly halkara ylmy-amaly maslahatda çykyşynda belledi.

Lurýewanyň sözlerine görä, bu netije gaz çykaryşynyň artdyrylmagynyň hasabyna gazanyldy. Filtrasiýa akymyna gözegçilik etmek başartdy, häzirki wagtda bolsa krateriň gaz bilen iýmitlenmesi azalýar.
Derweze krateri Aşgabatdan 260 km demirgazykda, adybir obanyň golaýynda ýerleşýär. Ol 1971-nji ýylda geologiýa işleri geçirilende emele gelipdi. Gaz ýatagyny öwrenmek boýunça gözleg işleriniň dowamynda geologlar buraw guýusyny burawlap, aşaky böleginde boşluk bilen ýüzbe-ýüz boldular. Topragyň üstki gatlaklary we buraw desgasy bu boşluga çökeninden soň uly çukurluk emele geldi, ondan tebigy gaz çykyp başlady. Adamlaryň we haýwanlaryň zäherlenmeginiň öňüni almak üçin gaza ot berildi. Ilkibaşda gazyň birnäçe günde ýanyp gutarjakdygy çaklanypdy, emma ol elli ýyldan bäri ýanyp gelýär.
Krateriň ini takmynan 60 metr, çuňlugy bolsa 20 metre golaý. Ol «Garagum ýalkymy» ady bilen bellidir.
Şeýle hem bellenilişi ýaly, krateriň ýanyp durmagy ýakyn-töwerekdäki ýataklaryň özleşdirilmegine päsgel berýär, ýerli ekologiýa ýagdaýyna ýaramaz täsir ýetirýär we tebigy gazyň ýitmegine sebäp bolýar.









24.03.2026 07:08
3.9k+

BMG: 2025-nji ýyl soňky 176 ýylyň içinde iň yssy ýyllaryň biri boldy

Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň hasabatyna görä, 2025-nji ýyl taryhda iň yssy ýyllaryň biri bolup, bu görkeziji boýunça ikinji ýa-da üçünji orunda durýar. Ýer ýüzüniň ortaça temperaturasy senagatdan öňki 1850–1900-nji ýyllar aralygyndaky derejeden takmynan 1,43 dereje ýokary boldy...

22.03.2026 16:34
4.1k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

16.03.2026 16:46
8.2k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...

16.02.2026 15:06
10k+

Italiýada meşhur «Aşyklaryň arkasy» gaýasy ýumruldy

Italiýanyň Apuliýa sebitindäki Adriatika deňziniň kenarynda «Aşyklaryň arkasy» ady bilen tanalýan Sant-Andrea gaýasy ýumruldy. Ýerli häkimiýetleriň maglumatlaryna görä, muňa ygally howa şertleri we deňiz eroziýasy sebäp boldy...