Günüň golaýynda Ýer şaryndan 10 esse uly «guş» göze ildi: alymlar düşündiriş gözleýärler

  • 27.05.2025 12:07
  • 17k+

24-nji maýda «LASCO» teleskoplarynyň biri Günüň golaýynda «alawly yzy» bolan guşa meňzeş jisimi bellige aldy. Ol Günüň ýüzünden, takmynan, 2 million kilometr beýiklikdedi.

Onuň «ganatynyň» uzynlygy, takmynan, 150 müň kilometre ýetýär. Eger bu optiki effekt däl-de, fiziki jisim bolsa, onda onuň ululygy Ýer şaryndan, takmynan, 10 esse uludyr.
Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri instituty bu gurluşyň diňe bir kadrda görünýändigini habar berdi. Ondan 10 minut öň we soň düşürilen suratlarda bu şekil ýok.
Suratdaky zadyň nämedigi häzirlikçe düşnüksiz. Alymlaryň pikirine görä, bu Günüň täjinde emele gelen çylşyrymly plazmaly gurluş bolup biler. Ol magnit meýdanlarynyň täsiri ýa-da koronal massanyň zyňylmagy bilen baglanyşykly bolup biler.
Başga çaklamalar hem bar. Meselem, bu optiki artefakt, geçip barýan kometa ýa-da bize mälim bolmadyk Gün hadysasy bolup biler. Takyk düşündiriş bermek üçin, hünärmenler beýleki kosmos gurallaryndan alnan maglumatlary öwrenmegi meýilleşdirýärler.


22.03.2026 16:34
4.1k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.4k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

09.03.2026 14:06
12k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...

05.03.2026 07:02
4.9k+

2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi...