Ýapon alymlary emeli aňa ganyň lagtalanmagyny öňünden anyklamagy öwretdiler

  • 23.05.2025 19:17
  • 3.7k+

Tokio uniwersitetiniň alymlary gan damarlarynda gan lagtalarynyň (tromblaryň) döremegini häzirki wagtda ýüze çykarmaga mümkinçilik berýän täze usuly hödürlediler. Bu tehnologiýa täze nesil mikroskop bilen emeli aňyň utgaşmasyna esaslanýar.

Bu usul trombositleriň, ýagny ganyň akmagyny saklaýan öýjükleriň hereketini gözegçilikde saklaýar. Trombositler ýürek-damar kesellerinde howply gan lagtalaryny döredip, infarkta ýa-da insulta sebäp bolup bilýär. Munuň öňüni almak üçin näsaglara trombositlere garşy dermanlar berilýär, ýöne şu wagta çenli lukmanlar olaryň her bir adama nähili täsir edýändigini takyk bahalandyryp bilenokdy.
Tokio uniwersitetiniň hassahanasynyň doktory Kadzutosi Hiroseniň ýolbaşçylygyndaky topar gan damarlaryndaky trombositleriň hereketini ýazga alýan ulgamy döretdiler. Bu ulgam sekuntda müňlerçe surat alýan mikroskop we olary seljerýän emeli aň bilen işleýär. Emeli aň bu suratlary seljerip, aýratyn öýjükleri, olaryň üýşmeleňini we ak gan öýjüklerini (leýkositleri) tapawutlandyryp bilýär.
Tehnologiýa 200-den gowrak näsagyň ganynda synag edildi. Netijede, agyr ýürek keselli adamlarda trombositar goýalmalaryň has ýygjamdygy ýüze çykaryldy.
Barlag üçin adaty gan barlagy (wenoz gan nusgasy) ýeterlik. Bu bolsa hassahana ýerleşdirilmezden netijeli seljerme geçirmäge mümkinçilik berýär.
Täze çemeleşme lukmanlara bejergini her bir näsagyň aýratynlygyna görä sazlamaga mümkinçilik berýär. Professor Keýsuke Godanyň bellemegine görä, emeli aň öýjükleriň hereketindäki adam gözüne görünmeýän üýtgeşmeleri hem duýup bilýär.


düýn 16:56
1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

düýn 12:41
1.1k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

düýn 11:09
1.3k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

12.06.2026 06:42
5.5k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....