The Guardian: Melburndaky barlag ylmy AIW-e garşy bejergini tapmaga ýene bir ädim ýakynlaşdyrdy

  • 09.06.2025 13:55
  • 2.9k+

Awstraliýanyň Melburn şäherindäki Piter Doerti adyndaky Ýokanç we immunitet institutynyň alymlary ak gan öýjükleriniň (leýkositleriň) içinde adamyň immunýetmezçilik wirusyny (AIW) ýüze çykarmaga mümkinçilik berýän usuly işläp düzdüler. Bu barada «Nature Communications» žurnalynda çap edilen makala salgylanyp, «The Guardian» habar berdi.

AIW ýokanjyna garşy derman döretmegiň öňündäki esasy böwetleriň biri wirusyň immun ulgamynyň öýjükleriniň içinde gizlenip bilmegi bolup durýardy. «Gizlin rezerwuarlar» diýlip atlandyrylýan bu öýjükleriň içinde gizlenen wirusa ne derman täsir edýär, ne-de olary immun ulgamynyň özi tanap bilýär.
Täze geçirilen barlagda alymlar COVID-19 pandemiýasy döwründe giňden meşhurlyk gazanan mRNK tehnologiýasyny ulandylar. Olar ýörite işlenip düzülen ýag esasly nanobölejikler arkaly mRNK-ny wirus ýokuşan öýjükleriň içine ýetirip bolýandygyny görkezdiler. mRNK öýjügiň içine girensoň, wirusy tanatmak üçin görkezme berýär we ony öýjügiň içindäki «bukalgasyndan» daşary çykarýar.
Barlagyň awtorlary bu çemeleşmäniň AIW ýokanjyny adam bedeninden doly ýok etmek üçin täze usullaryň gapysyny açýandygyna ynanýarlar.


20.06.2026 12:08
6.9k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......