iOS 27-de ulanyjylaryň saglygyna gözegçilik etjek EA-lukman peýda bolar

  • 16.11.2025 16:20
  • 2.3k+

Apple indiki ýyl çykarylmagyna garaşylýan täze iOS 27 operasion ulgamynyň üstünde işleýär. Bloomberg-iň wekili Mark Gurmanyň sözlerine görä, kompaniýa emeli aňy ösdürmek bilen baglanyşykly üç ugra ünsüni jemleýär.

Seljerijiniň sözlerine görä, Siri ses kömekçisiniň täzelenen wersiýasy we beýleki EA gurallary 2026-njy ýylyň mart-aprel aýlarynda goýberilmegi meýilleşdirilýän iOS 26.4-de peýda bolar. iOS 27-niň esasy täzelikleri iýun aýyndaky tanyşdyrylyş dabarasynda görkeziler.
Gurman Apple-iň Siri üçin täzelenen wizual interfeýsi, emeli aň bilen işleýän web gözleg guralyny hem-de ulanyjylara saglygyna gözegçilik etmäge ýardam etjek EA-agenti taýýarlaýandygyny aýtdy.
Täzelenen Health programmasynda saglyk maglumatlaryny seljermek, iýmitlenmek boýunça  şahsylaşdyrylan maslahatlary bermek we lukmançylyk bilermenleriniň wideo materiallarynyň ýygyndysyny hödürlemek üçin EA-ny ulanýan Health+ hyzmaty bolar. Ähli funksiýalar Apple Watch-i goşmak bilen, Apple enjamlary bilen üznüksiz işlär.

"Şowly bolan ýagdaýynda bu hyzmat Apple-i EA bilen işleýän saglygy goraýyş çägindäki çat-botlarda özüne çekiji ilkinji tehnologiýa kompaniýalarynyň birine öwrüp biler" – diýip, Gurman Power On kolonkasynda ýazdy.


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......