Astrofizikler ilkinji gezek 8K durulykda Gün üstüniň suratyny aldy

  • 28.05.2025 12:20
  • 6.3k+

Astrofizikler ilkinji gezek 8K durulykda Gün üstüniň suratyny aldy. Suratlar Gün tegmillerini we işjeň zolaklary jikme-jik görmäge mümkinçilik berýär diýip, Solar Physics ylmy žurnalyna salgylanyp, Space.com neşiri habar berýär.

Suratlar Potsdamdaky (Germaniýa) Leýbnis astrofizika instituty tarapyndan işlenip taýýarlanan täze ýokary durulykdaky kameranyň kömegi bilen alyndy. Kamera Tenerifedäki (Kanar adalary) Teýde obserwatoriýasynda ýerleşen Wakuum diň teleskopyna (Vacuum Tower Telescope, VTT) oturdyldy.
Her bir surat sekuntda 25 kadr tizlik bilen alnan 100 kadrdan ybarat. Her bir kadryň durulygy – 8000x6000 piksel. Şeýle tehnologiýa atmosferanyň turbulentligi sebäpli ýüze çykýan ýoýulmalary aradan aýyrmaga we Gün üstüniň, takmynan, 100 km böleginiň aýdyň suratyny almaga mümkinçilik berýär.


Ulgam her 20 sekuntdan Gündäki üýtgeşmeleri hasaba alýar. Suratyň gurşap alan umumy meýdany diametr boýunça 200 müň km ýetýär – bu Gün diametriniň ýediden bir bölegidir. Ozal teleskoplar 75 müň kilometrden uly meýdany tutmaýardy.
Ylmy gözlegçileriň pikiriçe, bu tehnologiýa Gündäki prosesleri öwrenmek we “kosmos howasyny” çaklamak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Suratlar Gün tegmillerini, plazma akymynyň hereketini we alawlama döredip biljek magnit gurluşlarynyň üýtgemelerini aýdyň görkezýär.


düýn 10:51
805

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.7k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....