Ispaniýada adam barmagynyň iň gadymy yzy tapyldy

  • 31.05.2025 17:42
  • 8.4k+

Ispan arheologlary San-Lasaro gowagynda (Ispaniýa) adamyň ýüzüni ýada salýan uzyn daş tapdylar. Daşyň edil ortasynda, ähtimal, burny aňladýan gyzyl nokat bar. Geçirilen seljermeler bu nokadyň ohra (gyzylymtyl tebigy mineral boýag) batyrylan barmak bilen goýlandygyny görkezdi. Bu bolsa ony häzirki wagta çenli adam barmagynyň bize mälim bolan iň gadymy yzyna öwürýär. Onuň 43 müň ýyllyk taryhy bar.

Bu açyş 2022-nji ýylda edildi. Gazuw-agtaryş işlerine Madridiň Komplutense uniwersitetinden Dawid Alwares Alonso ýolbaşçylyk etdi. Daşyň golaýynda neandertallara degişli gurallar hem tapyldy. Gowagyň özünde ohranyň ýokdugy sebäpli, alymlar pigmentiň başga bir ýerden getirilendigini aýdýarlar.

Nokadyň hakykatdanam barmak bilen goýlup-goýulmandygyny anyklamak maksady bilen, arheologlar kriminalistlere ýüz tutdylar. Olar hem bu nokadyň uly ýaşly neandertalyň barmagy bilen goýlandygyny tassykladylar. Daşda urgy ýa-da gündelik ulanyşa degişli yzlar tapylmady.
Alonsonyň pikiriçe, bu nokat bilkastlaýyn goýlan bolmaly.

«Eger-de nokat tötänden peýda bolan bolsady, hyýaly ýüz şekiliniň edil ortasynda däl-de, başga ýerde bolardy. Biz munuň burny görkezmek üçin, ýörite edilendigine ynanýarys» — diýip, ol aýtdy.

Alymlar bu açyşy «pareýdoliýa» bilen baglanyşdyrýarlar. Pareýdoliýa – bu jansyz zatlarda ýa-da nagyşlarda tötänden ýüz görmek meýlidir. Neandertal bu gaýada ýüzüň şekilini görüp, oňa «burun» goşup, üstüni ýetirmek islän bolsa gerek.
Barlagy geçiren alymlaryň pikirine görä, bu açyş neandertallarda abstrakt pikirlenmäniň we simwollary aňmak ukybynyň bolandygyny görkezýär. Bu bolsa, ozal diňe Homo sapienslere mahsus diýlip hasaplanan döredijilik başarnyklarynyň, aslynda, neandertallarda hem bolandygyny görkezýär. Bu barada ylym dünýäsinde onlarça ýyl bäri çekeleşikler dowam edip gelýär. Soňky ýyllarda edilen şeýle açyşlar (123) ozalky gipotezalaryň düýplerini çynlakaý sarsdyrdy.
Bu barada geçirilen barlagyň netijeleri «Archaeological and Anthropological Sciences» žurnalynda çap edildi.


düýn 23:12
3.1k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

19.06.2026 19:49
4.8k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

17.06.2026 11:37
5k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
3.9k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......