Neandertallar gözellige gadyr goýýan we adamzat taryhynda ilkinji kolleksionerler bolup çykdy

  • 25.11.2024 22:52
  • 4.3k+

Arheologlar, takmynan, 50 müň ýyl ozal Ispaniýanyň Prado Wargas gowagynda neandertallar tarapyndan toplanan galyndylar ýygyndysyny tapdylar. Ozal alymlar neandertallary üýtgeşik bir akylly hasaplamaýardylar, ýöne täze açyş gadymy adamlaryň akyl ukyplary baradaky pikirleri täzeden gözden geçirmäge mümkinçilik berýär.

Burgos uniwersitetinden ispan arheologlarynyň topary, takmynan, 50 müň ýyl ozal Ispaniýanyň gowagynda toplanan deňiz galyndylarynyň toplumyny öwrendi. Artefaktlaryň arasynda molýusklaryň ýedi maşgalasyndan seýrek duş gelýän nusgalar bar. Quaternary žurnalynda çap edilen ylmy işde aýdylyşyna görä, olaryň köpüsi gural ýa-da bezeg hökmünde ulanylmandyr.
Barlagçylar neandertallaryň bu zatlary adaty bolmadyk görnüşi ýa-da simwoliki manylary üçin ýygnandyklaryna ynanýarlar. Tapyndy neandertallaryň ozal Homo sapiens-iň özboluşly aýratynlygy hasaplanan abstrakt pikirlenmek ukybynyň bolandygyny görkezýär.
Alymlar estetiki gyzyklanmadan başga-da, ýygyndynyň däp-dessur çäreleri ýa-da çagalar oýunlary bilen baglanyşykly bolup biljekdigini çaklaýarlar.
Bu açyş neandertallarda has çylşyrymly özüni alyp barşyň we pikirlenmegiň barha artýan subutnamalaryna goşant goşýar. Soňky açyşlara seretseň, olar hassalara we garrylara-da ideg edipdirler, bejermek we agyryny aýyrmak üçin tebigy melhemleri ulandylar, şeýle hem ýabany arpadan bulamak hem gaýnadypdyrlar.
Barlagçylar netijeleriň neandertallaryň medeniýetini we jemgyýetçilik gurluşyny öwrenmek üçin täze gözýetimleri açýandygyny nygtaýarlar.


düýn 08:10
4.9k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.8k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3.2k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......