Kawkazdaky tapyndy neandertallaryň oýlap tapyjylygy barada täze maglumatlary berdi

  • 06.05.2025 21:06
  • 4.3k+

Alymlar Demirgazyk-Günbatar Kawkazdaky gowakda ýaşy 80-70 müň ýyl bolan süňkden ýasalan peýkamy tapdy. Bu tapyndy süňkden enjam ýasamaga ukypsyz hasaplanan neandertallar baradaky garaýyşlary üýtgedýär. Görnüşi ýaly, neandertallar, takmynan, 40 müň ýyl mundan ozal Ýewraziýada häzirkizaman adamlary peýda bolmazdan has öň çylşyrymly tehnologiýalary ulanan eken.

Peýkam 100-60 müň ýyl ozal daş gurallaryň kömegi bilen haýwanyň süňkünden ýasalypdyr. Ol, ähtimal, tebigy ýelim bolan bitumy ulanyp, agaç taýaga berkidilen bolsa gerek. Bu açyş neandertallaryň çylşyrymly tehnologiýalary özbaşdak döredendigini tassyklaýar.
Russiýanyň ylmy gaznasy tarapyndan goldanan ylmy gözlegiň netijeleri Journal of Archaeological Science žurnalynda neşir edildi.
Bu işe RYA-nyň Maddy medeniýetiň taryhy institutyndan, Sankt-Peterburgyň döwlet uniwersitetinden, Sankt-Peterburgyň “LETI” döwlet elektrotehnika uniwersitetinden we Arlingtondaky Tehas uniwersitetinden alymlar gatnaşdy.
Ozal Pireneýlerdäki tapyndylar neandertallaryň 100-65 müň ýyl ozal ýowuz klimatda ýaşandygyny we kyn şertlere uýgunlaşyp bilendigini görkezdi. Kawkazdaky täze tapyndy bolsa olaryň uýgunlaşmagynyň we oýlap tapyjylygynyň ýokary derejesini tassyklaýar.


düýn 08:10
4.6k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.7k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.2k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3.2k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......