Galp resminamalary syýasyndan kesgitlemäge kömek etjek algoritm döredildi

  • 27.05.2025 13:36
  • 6.5k+

Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň (SPbGU) alymlary germaniýaly we daniýaly kärdeşleri bilen bilelikde maşyn okuwyna esaslanýan syýany derňemegiň algoritmini döretdiler. Bu usul DCA ML diýlip atlandyryldy diýip, uniwersitetiň metbugat gullugyna salgylanýan TASS habar berýär.

"Kompýuter algoritmleri galp resminamalary arzan we ygtybarly kesgitlemäge hem-de syýany ýokary takyklyk bilen klassifikasiýa etmäge mümkinçilik döreder" diýip habarda aýdylýar.

Syýanyň derňewi kazyýet işiniň möhüm bölegidir. Ol resminamalaryň hakykylygyny kesgitlemäge, ýazylan wagtyny we bolup biljek galplyklary kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Adaty usullar köplenç gymmat düşýär we nusgalara zeper ýetirip biler.
Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetinde ulanylýan sanly reňk derňewi (DCA) asyl nusgasyna fiziki galtaşmazdan, syýany öwrenmek üçin resminamalaryň şekillerini ýa-da skanerlerini ulanýar. Alymlar bu çemeleşmäni takyklygy ýokarlandyrýan maşyn okuwy bilen birleşdirip kämilleşdirdiler.
Döredilen usul agressiw reagentleri talap etmeýär we resminamalaryň gurluşyny bozmaýar. Ol gadymy kagyzlary, gollary we sungat eserlerini seljermek üçin ulanylyp bilner.
Barlagçylar geljekde DCA ML tehnologiýasynyň kazyýet işinde we medeni mirasy gorap saklamakda möhüm gurala öwrüljekdigine ynanýarlar.


13.06.2026 16:56
2k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.6k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

13.06.2026 11:09
1.8k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

12.06.2026 06:42
6k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....