Geohimikler altynyň gelip çykyşyny düşündirdiler: ol Ýeriň özeninden syzylyp çykýar

  • 01.06.2025 18:47
  • 5.4k+

Germaniýanyň Göttingen uniwersitetiniň geohimikleri görlüp-eşidilmedik açyş etdiler. Olaryň barlaglary altynyň we beýleki gymmatly metallaryň üstki gatlaga Ýeriň özeninden syzylyp çykýandygyny subut etdi. Nature žurnalynda çap edilen ylmy makalada bu prosesiň milliardlarça ýyllap dowam edýändigi aýdylýar.

Häzirki wagtda Ýerdäki altynyň 99%-den gowragy demir ýadrosynda jemlenendir. Ol Ýer togalagynyň tutuş gury ýerini 50 santimetr galyňlykda örtmäge ýeterlikdir. Ýer ýaňy emele gelen wagty, altyn ýaly agyr elementler onuň özenine çöküp, ýeňil elementler ýer gabygyny emele getiripdir. "Demir betbagtlygy" diýlip atlandyrylýan bu proses 4,5 milliard ýyl ozal başlanypdyr. Soň bolsa meteoritler gabyga ýene biraz  metal goşupdyr, ýöne olaryň paýy azdyr.
Nemes alymlary Gawaý adalarynyň wulkan jynslaryny öwrendiler. Olarda ýadroda duş gelýän, ýöne mantiýada bolmadyk element bolan ruteniýa-100 izotopyny tapdylar. Bu altynyň we beýleki metallaryň hakykatdanam planetanyň jümmüşinden  ýokary galýandygyny kesgitlemäge mümkinçilik berdi.

"Netijeleri görenimizde, munuň altyn çeşmesidigine düşündik!" – diýip, geohimik Nils Messling gürrüň berýär.

Onuň kärdeşi Mattias Willbold her ýyl özen bilen mantiýanyň serhedinde ýüzlerçe kwadrillion tonna jynsyň emele gelip, ýokaryk hereket edýändigini öňe sürýär. Bu ýadronyň planetanyň ýokarky gatlaklary bilen yzygiderli täsirleşýändigini subut edýär.
Bu açyş Ýeriň jümmüşindäki proseslere we magdan ýataklarynyň emele gelşine has gowy düşünmäge kömek edýär. Ýeriň ýadrosyna ýetmek mümkin bolmasa-da, indi ýerdäki altynyň milliardlarça ýyllap uzak ýoly (2900 km çuňlukdan) geçendigi düşnükli.


düýn 22:30
748

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......

22.06.2026 08:10
5.1k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.8k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....