«Sanly çözgüt – 2025» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

  • 16.11.2025 18:09
  • 2.9k+

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Sanly çözgüt – 2025» bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bu çäre ýurduň telekommunikasiýa we IT ulgamynda esasy waka bolan «Türkmentel–2025» XVIII Halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň dabaraly ýapylyşynyň çäklerinde geçirildi.

Gatnaşyjylaryň taslamalary birnäçe ölçegler boýunça bahalandyryldy. Olaryň arasynda – ähmiýetliligi, innowasionlygy, ykdysady taýdan netijeliligi, ulanmagyň amatlylygy, dizaýnynyň hili, şeýle hem başlangyç kodunyň bolmagy bar. Bäsleşige işläp düzüjiler we üç adamdan köp bolmadyk toparlar gatnaşdylar.
Ýedi ugur boýunça jemi kyrk iki adam sylaglandy: 7 birinji, 14 ikinji we 21 üçünji orun berildi.
Birinji orunlaryň eýelerine plazma telewizory we noutbuk gowşuryldy. Ikinji orunlary eýelänler noutbuklar bilen, üçünji orunlary eýelänler bolsa planşetler bilen sylaglandylar. Ähli baýrak eýelerine degişli diplomlar gowşuryldy.


şu gün 10:53
434

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
1.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.8k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....