Argentinadaky gazuw-agtaryş işlerinde «garynja adamyň» galyndylary tapyldy

  • 03.06.2025 21:02
  • 11k+

Argentinanyň Katamarka prowinsiýasynyň San-Fernando şäherinde gurluşyk işleri alnyp barylýan wagty, işçiler içinde adam galyndylary bolan iki sany jaýlama urnasyny tapdylar. Olaryň birinde şekili örän uzyn bolan kelleçanak hem bardy.

Arheologlaryň bellemegine görä, kelleçanagyň beýle uzyn bolmagy gadymy döwürlerde edilýän emeli deformasiýanyň netijesidir. Bu däp Günorta Amerikanyň ýerli halklarynyň arasynda giňden ýaýrapdyr. Ýerli habar beriş serişdeleri bu tapyndyny grek rowaýatlarynda ýerastynda ýaşaýan mirmidon halkyna meňzedip, «garynja adam» diýip atlandyrdy.
Hünärmenleriň pikirine görä, kelleçanagyň uzyn şekili bäbegiň başynyň ýörite matalar bilen berk saralmagy ýa-da ýörite esbaplar bilen gysylyp saklanmagy arkaly gazanylypdyr. Bu däp III asyr bilen XII asyryň arasynda bu sebitde ýaşan Sýenaga we Aguada ýaly halklaryň arasynda giňden ýaýrapdyr.
Kelleçanagyň emeli deformasiýasy adamynyň jemgyýetdäki statusyna, belli bir topara degişli bolandygyna ýa-da estetika düşünjesine bagly bolan bolmaly.
Oksford uniwersitetiniň taryhdan öňki arheologiýa professory Rik Şulting bu däpleriň dünýäniň dürli künjeklerinde hem duş gelýändigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, «kelleçanagyň şekilini üýtgetmek bäbegiň başyny daňmak, kähalatlarda bolsa agaç tagtalar bilen basmak arkaly amala aşyrylypdyr we bu ýagdaý adamynyň jemgyýetiň elita gatlagyna ýa-da belli bir etniki topara degişlidigini görkezipdir».
Ýüze çykarylan galyndylar Katamarkanyň milli uniwersitetine tabşyryldy. Alymlar bu tapyndynyň takyk ýaşyny hem-de medeni taýdan haýsy döwre degişlidigini kesgitlemek üçin, barlaglary geçirmegi meýilleşdirýärler.


şu gün 10:44
987

Barlaglar doglan wagtyňdaky pes agramy irki akyl ösüşiniň yza galmagy bilen baglaýarlar

Bilefeld uniwersitetiniň barlagçylary agramy has pes bolup doglan çagalaryň, ortaça alanyňda, ýetginjekligiň irki döwründe akyl ukyplaryny anyklaýan synaglarda beýlekilerden pes netije görkezýändiklerini ýüze......

28.06.2026 23:54
4k+

Merginiň watany: Keseliň iň gadymy ojagynyň yzlary Baýkal sebitinde tapyldy

Takmynan 5,5 müň ýyl ozal Baýkal kölüniň golaýynda aradan çykan onlarça awçy-ýygyjynyň dişlerinde mergi keselini döredýän bakteriýanyň DNK-synyň saklanyp galandygy belli boldy. Bu baradaky ylmy makala Nature......

27.06.2026 12:00
4.4k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.9k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......