Barlaglar döredijilik sapaklarynyň çagalaryň sözleýiş ukybyny gowulandyrýandygyny görkezdi

  • 04.06.2025 15:21
  • 1.6k+

Russiýanyň Witus Bering adyndaky Kamçatka döwlet uniwersitetiniň barlagçylary döredijilik taslamalarynyň sözleýişinde bozulmalary bolan mekdebe çenli ýaşly çagalaryň bu ukybyny gowulandyrmaga kömek edýändigini subut etdiler. Birnäçe aý dowam eden sapaklardan soň çagalarda sözleýşiň derejesi 20% ýokarlandy.

Barlagy psihologiýa kafedrasynyň dosenti Ýelena Winogradowa we talyp Sofiýa Boýarskaýa geçirdi. Iş Petropawlowsk-Kamçatskidäki 17-nji çagalar bagynda geçirildi. Netijeler 2025-nji ýylda uniwersitetiň ylmy žurnalynda çap edildi.
Barlaga 5–6 ýaş aralygyndaky 20 çaga gatnaşdy. Olaryň ýarysy sözleýşi kemçilikli, ýarysynyň bolsa sözleýşiniň ösüşi kadaly. Baha bermek üçin O.S. Uşakowanyň we N.W.Nişşewanyň usulyýetleri ulanyldy.
“Tebigat biziň dostumyz” temasynda birnäçe sapak guraldy. Sapaklar hepdede iki gezek geçirilýärdi we dürli gönükmeleri öz içine alýardy: söhbetdeşlikler, hekaýa düzmek, tebigata gözegçilikleri ara alyp maslahatlaşmak we çagalaryň özleriniň geçiren barlaglary boýunça tanyşdyryş çykyşlary. Çemeleşmäniň aýratynlygy ýuwaş-ýuwaşdan kynlaşýan tabşyryklardan durýan ýedi ulgamdan ybaratdy.
Bir aýdan soň gowulaşmalar göze ilip başlady: ýokary derejeli bozulmasy bolan  çagalaryň sözleýşi 10% -den 30% -e çenli, sözleýşi kadaly çagalaryň sözleýşi 50% -den 70% -e çenli ýokarlandy.

"Bu çemeleşmäniň köp artykmaçlygy bar. Ol çagalary, mugallymlary we ene-atalary umumy, gyzykly bir işde birleşdirýär. Çagalar diňe bir dogry gürlemegi öwrenmek bilen çäklenmän, göze görnüp duran netijeleri hem alýarlar, bu olary hasam höweslendirýär" – diýip, Ýelena Winogradowa belleýär.

Awtorlar bu usulyň, köplenç, sazlaşykly sözleýişiň ösmeginde kynçylyk çekýän iki dilli maşgalalardan bolan çagalar üçin peýdalydygyna ynanýarlar. Teswir ýazmak, tekstleri gürrüň bermek we beýleki sözleýiş endiklerini ösdürmäge ünsi jemlemek bilen, işi dowam etdirmegi meýilleşdirýärler.
Alnan netijeler logopedler, defektologlar, terbiýeçiler we sözleýiş bozulmalary bolan çagalaryň ene-atalary üçin peýdaly bolar.


17.06.2026 11:37
4.5k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
3.4k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

17.06.2026 10:36
1.8k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......

16.06.2026 23:05
2.5k+

Haýwanlaryň we adamlaryň aragatnaşygynda meňzeşlik ýüze çykaryldy

Ženewa uniwersitetiniň, Paster institutynyň we reConnect barlag merkeziniň alymlary haýwanlaryň köpüsiniň birmeňzeş depginde ses alyşýandygy baradaky netijä geldi. Ylmy işiň netijeleri «PLOS Biology»......