Türkmenistanda Ylymlar güni mynasybetli halkara ylmy maslahatlar we dabaraly çäreler geçiriler

  • 30.05.2025 11:39
  • 2.2k+

29-njy maýda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Orazdurdyýewa Ylymlar güni mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara ylmy maslahatlar we dabaraly çäreler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli 12-13-nji iýunda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahaty guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleriniň hem-de daşary ýurtly alymlaryň gatnaşmaklarynda geçiriljek bu maslahatda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.
Şunuň bilen birlikde, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde 11-nji iýunda “Innowasiýalar, parahatçylyk, durnukly ösüş” atly utgaşykly görnüşdäki halkara ylmy-amaly maslahaty, 12-nji iýunda bolsa Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyny geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow halkara ylmy maslahatlary, Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.


şu gün 10:53
899

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
2.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
3.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.9k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....