Alymlar gadymy türki halklaryň «jadyly» daşlaryň güýjüne bolan ynançlaryny öwrendiler

  • 27.05.2025 12:34
  • 8.9k+

Orta Aziýanyň giň sähralaryndan başlap, Kiçi Aziýanyň gadymy ybadathanalaryna çenli dürli halklaryň arasynda, käbir daşlaryň adam bilen ýokary güýçleriň arasynda araçy bolup bilýändigi barada ynanç giňden ýaýrapdyr.

Şolaryň arasynda iň meşhury, türki rowaýatlarda «ýada daşy» ýa-da «ýat daşy» diýlip agzalyp geçilýän (arapça «Hajer-ül-matar», ýagny «ýagmyrdaşy») mukaddes daşdyr. Rowaýatlara görä, bu daşa beýik taňry Tengriniň adamzada beren gudratly sowgady hökmünde garalypdyr. Onuň kömegi bilen ýagyş, doly, gar ýagdyrmagyň ýa-da ýel çagyrmagyň mümkindigine ynanylypdyr. Emma rowaýatlara görä, ol her gezek ulanylanda, eýesi agyr kynçylyklar – betbagtçylyklar, bela-heläkçilikler we ýalňyzlyk bilen ýüzbe-ýüz bolupdyr.

Ýada daşy gara reňkli, ýumurtga şekilli, ýüzünde gyzyl ýa-da ak tegmiller bolan daş hökmünde beýan edilýär.

«Rowaýatlara görä, bu daş suw joşandan soň höwürtgesini taşlap giden mifiki suw guşy – Sýurhabyň höwürtgesinde tapylarmyş. Şeýle ýagdaý örän seýrek bolarmyş. Bu daşyň tapylmagy Tengriniň alamaty, ýagny onuň ýörite maksat bilen iberilendiginiň nyşany hasaplanypdyr» — diýip, taryhçy Oguz Büyükýyldyrym «Arkeonews» neşirine gürrüň berýär.

Ýada daşy diňe şamanlar (kamlar) ýa-da «ýadaçi» diýlip atlandyrylýan, ruhy güýçleri bolan adamlar tarapyndan ulanylypdyr. Halk arasynda bu adamlara uly hormat goýlupdyr, ýöne olaryň güýjündenem gorkulypdyr. Olar bu daşy ulanyp, adamlara ýagşylyk etmek ýa-da betbagtçylykdan goramak üçin ýörite dessurlar, dabaralar geçiripdirler. Ýöne rowaýatlara görä, bu daşyň eýeleri agyr ykballara duçar bolupdyr: olar, köplenç, ömrüni ýalňyzlykda, garyplykda geçiripdirler, şeýle-de ir ýaşlarynda dünýäden ötüpdirler. Tebigaty dolandyrýan güýçlere eýe bolsalar-da, ýadaçiler garyplykda, hemişe azap bilen ýaşapdyrlar.
Bu daş barada seýrek hem bolsa, XI asyrda ýaşap geçen Mahmyt Kaşgarlynyň «Diwany-lugat et-türk» («Türki dilleriň sözlügi») atly meşhur eserinde hem agzalyp geçilýär.

«Ýat – özbaşyna bir bilgiçlik ýaly zat. Ol ýörite daşlardan ýasalypdyr. Şeýlelikde, ýagyş-gar ýagdyrylypdyr, ýel öwüsdirilipdir. Bu usul türkleriň arasynda giňden ýaýran däpleriň biridir. Men muny Ýagma (türki taýpalaryň biri) ýurdunda gördüm. Bir gün ol ýerde ýangyn döredi, tomus paslydy. Ýaňky usul bilen ýagyş ýagdyryldy we Uly taňrynyň eradasy bilen ýangyn söndürildi» — diýlip «Sözlükde» beýan edilýär.

Gözlegçiler türkleriň ýada daşy bilen Hett şalygynyň paýtagy Hattusanyň ýaşyl daşynyň arasynda meňzeşlikleriň bardygyny belläp geçdiler. Bu döwlet, takmynan, b.e. öňki 1800-1180-nji ýyllar aralygynda Kiçi Aziýada ýaşap geçipdir.
Hattusanyň ýaşyl daşy tupan hudaýy Teşub bilen baglanyşdyrylypdyr. Käbir alymlaryň pikirine görä, bu daş hem ýagyş we şemal bilen baglanyşykly dessurlarda ulanylypdyr. Halk arasynda bu daşa «arzuw daşy» diýlip at berlipdir.
Şol ýaşyl daş Türkiýäniň çäklerinde ýerleşýän gadymy Hattusa şäherçesiniň ybadathanalar toplumynda häzirem saklanýar. Ol gadymy şäherçäniň esasy ybadathanasynda ýerleşýär. Ol ýaşyl minerallardan – nefritden ýa-da serpentinden ýasalan agyr we tekiz blokdyr. Bu täsin tapyndy ençeme asyrlardan bäri arheologlaryň ünsüni özüne çekip gelýär.


11.06.2026 14:01
8.3k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 11:13
9.2k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

07.06.2026 17:05
9.3k+

Gradusyň ähmiýeti bar: tomusda awtoulagyň kondisionerinde nähili howp gizlenýär

Tomusda, uzak wagtlap yssyda bolnandan soň, awtoulagyň salonynyň birden sowadylmagy sürüjiniň we ýolagçylaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Hünärmenler gyzgyn awtoulaga girenden soň, kondisioneri derrew......

05.06.2026 00:08
8.6k+

Atlantik ummanynda sargassum suwotylarynyň güllemegi hemişelik we üýtgewsiz hadysa öwrüldi

Günbatar Afrikadan Karib deňzine çenli takmynan 8000 kilometre uzalyp gidýän sargassum suwotylarynyň uly Atlantik guşagy ummanyň hemişelik ekoulgamyna öwrüldi. Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa-Ortaýer deňzi......