3.2k+

Starlink Hindistanyň çet sebitlerini internete birikdirmäge kömek eder

Hindistanyň Maharaştra ştatynyň häkimiýeti çet we doly üpjün edilmedik sebitlerde hemra internetini işe girizmek üçin Starlink bilen hyzmatdaşlyk etmek islegi barada şertnama baglaşdy. Bu taslama ştat boýunça giň zolakly elýeterliligi giňeltmäge gönükdirilen “Sanly Maharaştra” maksatnamasynyň bir bölegi bolar...

5.9k+

ABŞ-da şatdaun sebäpli 2 günde 15 müň awiagatnaw ýatyryldy we gijikdirildi

Býujet barada ylalaşygyň gazanylmandygy sebäpli hökümet işiniň togtadylmagy netijesinde ABŞ-nyň uly howa menzillerinde gatnaw bökdençlikleri dowam edýär. Reuters agentliginiň maglumatlaryna görä, diňe 8-nji noýabrda 1,5 müň töweregi gatnaw ýatyryldy we ýene 6 müňüsi gijikdirildi...

3.8k+

Taýwanda arheologlar şeker ulanylyp gurlan gadymy ýollary tapdylar

Taýwanyň Tainan şäherinde arheologlar XIX asyryň birinji ýarymynda gurlan ýollaryň böleklerini tapdylar. Tapyndynyň aýratynlygy — ýol gurluşygynda adaty materiallaryň arasynda şekeriň ulanymagydyr diýip, Taipei Times neşiri ýazýar...

6.7k+

Dünýäde iň köp okaýan ýurtlaryň reýtingi düzüldi

Dünýäniň dürli ýurtlarynda kitap okamak endigi özara ep-esli tapawutlanýar. World Population Review tarapyndan taýýarlanan reýtinge görä, häzirki wagtda okamaga iň köp wagtyny sarp edýän ýurt — ABŞ. Amerikalylar ýylyň dowamynda ortaça 357 sagat okap, bu döwürde takmynan 17 kitap tamamlaýarlar...

5.1k+

Awstraliýada raýatlara her gün üç sagat mugt Gün energiýasy berler

Awstraliýanyň hökümeti Solar Sharer Offer (SSO) atly maksatnamany işe girizmäge taýýarlanýar. Maksatnama gatnaşýan raýatlar her gün üç sagatlap Gün energiýasyndan mugt peýdalanyp bilerler. Bu mümkinçilik, hatda öýünde Gün paneli bolmadyk adamlar üçin hem elýeterli bolar...

6.3k+

«Moana» filminiň kinoremeýkiniň surata düşüriliş işleri tamamlandy

Meşhur «Moana» multfilminiň çeper film görnüşindäki oýun remeýkiniň surata düşürilişi doly tamamlandy. Bu barada filmde Maui ýarym hudaýyň keşbini janlandyrýan aktýor Dueýn Jonson habar berdi. Filmiň taýýarlyk işleri 2024-nji ýylyň noýabr aýynda başlandy...

1.9k+

Apple Google-nyň Gemini emeli aňyny ulanmak üçin ýylda 1 milliard dollar tölär

Apple özüne degişli Apple Intelligence platformasynyň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin Google Gemini emeli aňynyň ýöriteleşdirilen görnüşini ulanmagy meýilleşdirýär. Bloomberg žurnalisti Mark Gurmanyň maglumatlaryna görä, Apple bu tehnologiýa elýeterlilik üçin Google-a ýylda takmynan 1 milliard dollar tölär...

2.2k+

Entoni Hopkins alym Çarlz Darwiniň keşbini ýerine ýetirer

Ser Entoni Hopkins “Görnüşler” (The Species) atly täze taryhy dramada meşhur tebigatçy alym Çarlz Darwiniň keşbini ýerine ýetirer diýip, The Hollywood Reporter habar berýär. Darwiniň aýaly Emma Darwiniň keşbini britaniýaly aktýor Şarlotta Rempling ýerine ýetirer...

5.3k+

ABŞ-da Toyota Crown Signia 2026-nyň bahasy yglan edildi

ABŞ-da täzelenen Toyota Crown Signia 2026 krossoweriniň bahasy resmi taýdan yglan edildi. Model iki bezeg derejesinde hödürlenýär: XLE — $44 390, Limited — $48 790. Her iki görnüş hem tehniki taýdan birmeňzeşdir...

7.8k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň gatnaşmagynda bag ekmek möwsümine badalga berildi

8-nji noýabrda Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabadyň günortasynda 12 ýyllyk türkmen arçasyny oturdyp, güýzki ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berdi...

4.8k+

Ysmaz adam Neuralink-iň kömegi bilen daş-töweregi görüp başlady

Neuralink-iň hassasy Bred Smit görmekden mahrum bolmandy, ýöne amiotrofik gapdal sklerozy sebäpli ol kellesini hereket etdirip bilenokdy. Ýöne ol beýni implantyny ulanmagyň täze usulyny tapdy. Indi ol Neuralink-i ýörite berkidilen web-kamerany dolandyrmak üçin ulanýar...

5.2k+

Dubaý barly adamlar üçin iň gowy şäherleriň reýtinginde öňdebaryjy boldy

Dubaý ýokary girdejili adamlar üçin iň özüne çekiji şäherleriň reýtinginde birinji orny eýeledi. Reýting Savills Plc emläk dellaly tarapyndan düzüldi. Barlagda dünýäniň 30 megapolisine baha berildi. Dubaý miras we kapital ösüşi üçin salgytlaryň ýokdugy, ösen infrastrukturasy, howpsuzlygyň ýokary derejesi we halkara mekdepleriň has köpdügi bilen reýtingiň başyna çykdy...

8.6k+

Maýkl Jekson barada biografik filmiň ilkinji tizeri çykdy

Lionsgate kinokompaniýasy pop sazynyň şasy Maýkl Jeksonyň durmuşyna we döredijiligine bagyşlanan köpden bäri garaşylan biografik filmiň ilkinji tizerini hödürledi. “Maýkl” filminiň premýerasy 2026-njy ýylyň 24-nji apreline meýilleşdirilýär...

2.4k+

Türkmenistanyň DIM-nde CARIСC bilen hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

6-njy noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalarynyň we olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça Merkezi Aziýanyň sebitleýin maglumat beriş utgaşdyryş merkeziniň (CARIСС) direktory Mahmut Hamidowyň arasynda duşuşyk geçirildi...

4.4k+

Gwardiola tälimçi karýerasynda 1000-nji oýnuny geçirer

“Mançester Sitiniň” baş tälimçisi Hosep Gwardiola halypa hökmünde 1000-nji oýnuny geçirer. Angliýanyň Premýer-ligasynyň 11-nji tapgyrynyň çäklerinde “Liwerpula” garşy oýun ispaniýaly hünärmen üçin şanly waka bolar...

9k+

Gabsburglar maşgalasynyň ýiten göwheri 100 ýyldan gowrak wagtdan soň tapyldy

100 ýyldan gowrak wagt bäri ýiten diýlip hasaplanýan Gabsburglar hazynasyndan “Florenties” göwheri tapyldy. Häzire çenli ol Kanadanyň Kwebek welaýatynyň bank seýfinde saklanypdyr, ýöne maşgalanyň köp agzasy bu barada bilmeýärdi diýip, maşgalabaşy Karl Gabsburg-Lotaringskä salgylanyp, The New York Times we Der Spiegel habar berdi...

9.8k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň ABŞ iş sapary tamamlandy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Waşington şäheriniň Andrews Halkara howa menziline bardy. TDH-nyň habar berşi ýaly, bu ýerde Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili A...

5.6k+

Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Hasyl toýy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerini, hasyl ussatlaryny we ähli halkyny Hasyl toýy mynasybetli gutlady. Döwlet Baştutany Hasyl toýuny daýhanlary täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýan ajaýyp baýram, türkmen daýhanlarynyň ýylboýy çekýän halal zähmetine döwlet derejesinde bildirilýän hormatyň nyşany diýip atlandyrdy...

9.2k+

Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Kongresiniň wekilleri bilen duşuşdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasynyň Daşary işler boýunça komitetiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kiçi komitetiniň başlygy Bill Hýuzenga hem-de onuň orunbasary Sidni Kaý Kamlager-Daw bilen duşuşdy...

22k+

Serdar Berdimuhamedow Ak tamda Donald Tramp bilen duşuşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Ak tamda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär. Türkmenistanyň Prezidenti Ak tamyň Ruzwelt otagynda Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy...

2.6k+

Sora wideogeneratory indi Android-de elýeterli boldy

ChatGPT hyzmatyny döreden OpenAI kompaniýasy wideo döredýän Sora hyzmatynyň Android ulgamlary üçin wersiýasyny çykardy. Programma eýýäm Google Play-de peýda boldy, emma häzirki wagtda ähli ýurtlarda elýeterli däl...