Hytaý adamy Aýa gondurjak kosmos gämisiniň täze neslini döredýär

  • 02.05.2026 11:55
  • 2.7k+

Hytaý Aýa uçuşlar üçin niýetlenen adamly kosmos gämisiniň täze neslini döretmek boýunça giň möçberli taslamany durmuşa geçirýär.

Hytaýyň kosmos ylmy we tehnikasy korporasiýasynyň bäşinji ylmy-barlag institutynyň işgäri Şao Liminiň habar bermegine görä, Pekin soňky iki ýylda adamly Aý barlag programmasyny işjeň öňe sürýär we 2030-njy ýyla çenli taýkonawtlary Aýyň üstüne gondurmagy meýilleşdirýär.

Ýurduň Merkezi telewideniýesi Şao Liminiň bu hakyndaky: «Men adamly kosmos gämisiniň täze nesliniň kosmosa uçup, taýkonawtlar üçin Ýerden daşary giňişlige uçuşlary amala aşyrmakda täze bir meýdança döretjekdigine garaşýaryn» diýen sözlerini delil getirýär. Şeýle-de hünärmen öz çykyşynda: «Ýakyn geljekde hemmeler hytaýlylaryň Aýyň üstünde öz yzlaryny galdyrandygyny görerler» diýip, bu maksada ynamly çemeleşýändiklerini-de nygtaýar.

Bu taslama uzakdan dolandyrylýan eksperimental we ylmy-barlag serişdeleriniň toplumyny öz içine alýar. Stansiýanyň gurluşygynyň 2028-nji ýylda tamamlanmagy göz öňünde tutulýar. Bu bolsa 2030-njy ýyla meýilleşdirilen adamly missiýanyň amala aşyrylmagyndan öňki iň möhüm tapgyr hasaplanýar.


17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....