GPT-5.2 Tokio we Kioto uniwersitetleriniň giriş synaglaryny adamlardan has gowy tabşyrdy

  • 01.05.2026 16:09
  • 2.1k+

GPT-5.2 neýroulgamy Tokionyň we Kiotonyň uniwersitetlerine giriş synaglarynda dalaşgärlerden has ýokary netijeleri görkezdi. Bu synagy LifePrompt kompaniýasy geçirdi.

Modele tabşyryklar surat görnüşinde berildi. Onuň ýazan jogaplaryny we düzmelerini bolsa «Kawai Juku» taýýarlyk mekdebiniň mugallymlary barlady.

Tokio uniwersitetindäki netijeler:

Emeli aň lukmançylyk ugry boýunça iň gowy netije görkezen dalaşgärden 50 bal köp toplady we matematikadan iň ýokary netijäni aldy.

Ynsanperwer ugurlarda 550 baldan 452, tebigy bilimlerde 503 bal toplamagy başardy.

Netijeler her ders boýunça birmeňzeş bolmady. Eger EA iňlis dilinden takmynan 90% netije görkezen bolsa, dünýä taryhy boýunça düzme ýazmakda bary-ýogy 25% töweregi bal alyp bildi.

Emeli aň Kioto uniwersitetinde hem bellenilen ballardan ep-esli ýokary geçdi.

Hukuk fakulteti: 771 bal (geçiş baly 734);

Lukmançylyk fakulteti: 1176 bal (ozalky rekord 1098).

Ýokarky maglumatlardan ugur alyp, emeli aňyň gysga wagtyň içinde uly ösüşe ýetendigine göz ýetirmek bolýar. Sebäbi 2024-nji ýylda GPT-4 modeline bu synaglary tabşyrmak başartmandy. 2025-nji ýylda hem başga bir model iň pes geçiş balyny alypdy. Görşümz ýaly, 2026-njy ýylda bolsa GPT-5.2 eýýäm rekordlary täzeleýär.

Synçylar emeli aňyň beýle ýokary ballarynyň häzirki synag ulgamlaryny täzeden gözden geçirmek üçin çynlakaý sebäpdigini belleýärler.


10.06.2026 10:51
1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4.1k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.9k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.8k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....