Hytaýda ulaglaryň heläkçilik synaglarynyň usulyýeti düýpli berkidiler

  • 01.05.2026 11:32
  • 3.2k+

Hytaýyň awtomobil tehnologiýalary we barlaglary merkezi (CATARC) «C-NCAP» usulyýeti boýunça kraş-testleriň (heläkçilik synaglarynyň) täze, has berk maksatnamasynyň ornaşdyryljakdygyny yglan etdi. Bu täze düzgünler ulaglaryň howpsuzlygyna bolan talaplary ep-esli ýokarlandyrar.

Täzelenen talaplarda esasy üns elektromobilleriň we täze energiýa çeşmeleri bilen işleýän ulaglaryň barlaglaryny güýçlendirmäge gönükdiriler. Täze standartlaryň iş ýüzünde eýýäm 2026-njy ýylda ornaşdyrylyp başlanmagyna garaşylýar.

2006-njy ýyldan bäri hereket edýän «C-NCAP» usulyýeti geçen ýigrimi ýylyň dowamynda 120 öndürijiniň 600-den gowrak modeliniň synaglaryny öz içine aldy. 2027-nji ýylyň maksatnamasy baha beriş ulgamynyň ewolýusiýasynyň nobatdaky tapgyry bolar we oňa goşmaça çylşyrymly ssenariler giriziler. Hususan-da, awtomobiller ýagyşly we dumanly howa şertlerinde synagdan geçiriler, şeýle-de olaryň birnäçe ulagyň gatnaşmagyndaky çakyşmalarda özlerini alyp barşy barlanar.

Möhüm üýtgeşmeler çekiji batareýalaryň ygtybarlylygyna baha bermek meselesine hem degişli bolar: hünärmenler batareýalaryň urga durnuklylygyny we ýangyna garşy durnuklylygyny seljermekde täzeçe çemeleşmelere serederler. Synaglaryň tehniki bölegi has kynlaşar — akkumulýatora gönüden-göni täsir edýän hereketli barýeriň agramy häzirki 1,4 tonnadan 1,55 tonna çenli artdyrylar. Mundan başga-da, tizlik pedalynyň tötänleýin basylmagynyň öňüni alýan ulgamyň hökmany barlagy girizilýär.

Täze maksatnamada intellektual kömekçilere aýratyn üns berilýär. Hünärmenler awtomatiki howply durzuş we zolagy saklama ulgamlarynyň barlag toplumyny giňelderler. Munda ulgamlaryň hakyky ýol şertlerinde durnuklylygy we ýalňyş işleme ýygylygy seljeriler. Bellemeli tarapy, bu we beýleki synaglary geçirmek üçin «C-NCAP» Hytaýyň özünde işlenip düzülen manekenleri ulanyp başlar.


düýn 11:31
4k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

düýn 09:35
1.5k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....

20.05.2026 15:10
3k+

Nissan ABŞ-da iň çalt ösýän awtoulag brendine öwrüldi

Nissan kompaniýasy 2025-nji maliýe ýylyny ABŞ-da köpçülikleýin awtoulag bazarynda iň çalt ösýän brend hökmünde tamamlady. Nissan-yň dilerlik merkezlerinde brendiň bölek satuwy 12 aý yzly-yzyna artdy....

20.05.2026 11:31
1.6k+

Xiaomi YU7 GT krossowerleriň arasynda Nýurburgringiň rekordyny goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrik krossoweri seriýaly SUV awtomobilleriniň arasynda Nýurburgring Nordşlýaýfe ýolunda 7 minut 34.931 sekunt wagty görkezip, ýaryş ýolunyň täze rekordyny goýdy....