Google Translate indi ulanyjylara sözleri dogry aýtmagy öwreder

  • 01.05.2026 15:13
  • 1.7k+

Google Translate hyzmaty özüniň 20 ýyllygy mynasybetli uly täzelenme hödürledi. Hyzmat indi sözleri dogry aýtmagy öwreder.

Google kompaniýasynyň işgäri Nik Foksuň habar bermegine görä, programmada ýörite «Praktika» düwmesi peýda boldy. Bu düwme emeli aň tehnologiýalarynyň kömegi bilen ulanyjylara daşary ýurt dillerinde gürlemek ukyplaryny kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Täze funksiýanyň işleýiş usuly ulanyjynyň aýdan sözlemini seljermäge esaslanýar. Emeli aň gürleýşiň hiline baha berýär we ýalňyşlyklar ýa-da takyk bolmadyk aýdylyş ýüze çykan ýagdaýynda, diksiýany gowulandyrmak üçin anyk maslahatlary berýär. Bu bolsa terjimeçini doly derejeli lingwistik tejribe guralyna öwürýär.

Häzirki wagtda sözleýiş tälimi funksiýasy ABŞ-nyň we Hindistanyň ulanyjylary üçin elýeterlidir. Ulgam häzirlikçe üç dili goldaýar: iňlis, ispan we hindi dilleri. Bu hyzmatyň haçan beýleki sebitlere we dil toparlaryna ýaýradyljakdygy barada entek maglumat berilmedi.


09.06.2026 23:04
2.6k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

08.06.2026 17:00
3.2k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

07.06.2026 20:11
1.9k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

07.06.2026 17:01
2.1k+

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......