Toyota maliýe ýylynyň jemleri boýunça dünýädäki satuwyny 10,48 mln awtoulaga ýetirdi

  • 01.05.2026 11:08
  • 2.6k+

Toyota kompaniýasy 2025-nji maliýe ýylynyň jemleri boýunça dünýä bazarynda 10,48 million ulag satyp, soňky iki ýylyň iň ýokary görkezijisine ýetdi we öňki ýyl bilen deňeşdirilende satuwy 2% artdyrdy. Şol bir wagtyň özünde global önümçilik hem 2,2% ösüş bilen 9,89 million birlige barabar boldy.

Ýaponiýanyň içerki bazarynda satuwlar 2% peselip, 1,47 million awtoulag görkezijisinde saklanan bolsa, ýurduň daşynda tersine, 2,7% ösüş hasaba alyndy we rekord derejädäki 9 million awtoulag satyldy.

Aýratyn-da ABŞ-da isleg 7,7% ýokarlanyp, satuwlar 2,52 milliona ýetdi; bu ýerde Corolla we Camry modelleri iň köp isleg bildirilýän ulaglar boldy. Hytaý bazarynda bolsa ýerli öndürijileriň bäsdeşligi sebäpli satuwlar 1,4% peselip, 1,76 milliona düşdi. Şeýle hem, sebitdäki durnuksyzlyk sebäpli mart aýynda Ýakyn Gündogara eksportyň 46,4% peselendigi bellenilýär.

Elektrikleşdirilen awtoulaglaryň satuwy 1,5% ösüp, 4,8 million birlige ýetdi. Kompaniýanyň daşary ýurtlardaky kärhanalary jemi 6,66 million awtoulag öndürdi, bu bolsa öňki ýylkydan 2,3% köpdür. Hususan-da, ABŞ-da önümçilik kuwwaty 11,4% ýokarlanyp, 1,39 million awtoulaga deň boldy.


düýn 11:18
3.8k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......

09.06.2026 15:11
3.1k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......

08.06.2026 16:02
1.8k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 19:58
1.6k+

Maserati meşhur üç dişli nyşanynyň ýüz ýyllygyny "GT2 Stradale" ýörite wersiýasy bilen belledi

Maserati kompaniýasy soňlugy bilen brendiň logotipine öwrülen meşhur üç dişli nyşanynyň ilkinji gezek ulanylan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan "GT2 Stradale" superkarynyň ýörite wersiýasyny tanyşdyrdy.......