Alp daglarynda dünýäniň iň uzyn demir ýol tuneli gurulýar

  • 03.05.2026 11:40
  • 4.3k+

Häzirki wagtda Alp daglarynyň aşagyndan dünýäniň iň uzyn demir ýol tunelini geçirmek boýunça gurluşyk işleri dowam edýär. Bu täsin desganyň taýyn görnüşdäki umumy uzynlygy 64 kilometre ýeter.

Tunel Awstriýanyň Ştaýnah-am-Brenner obasynyň golaýyndan geçip, Italiya bilen arada göni gatnawy üpjün eder we Ýewropanyň demirgazygy bilen günortasyny birleşdirýän uly demir ýol ulgamynyň möhüm bölegine öwrüler.

Taslamanyň ýolbaşçylarynyň aýtmagyna görä, bu ýerde Ýewropanyň 11 döwletinden gelen hünärmenler we öňdebaryjy kompaniýalar bileikde işleýärler.

Tuneliň gurluşygynda Germaniýanyň Herrenknecht kompaniýasynyň äpet tehnikalary ulanylýar. Käbiriniň boýy 20, uzynlygy ýüzlerçe metre ýetýän maşynlaryň kuwwaty 6000 at güýjüne barabardyr. Şeýle äpet tehnika öň hem dünýäniň dürli künjeklerinde, meselem, Hytaýdaky Huanhe derýasynyň we Panama kanalynyň aşagyndan tunel gazmakda ulanylypdy.


şu gün 09:50
3.5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

düýn 16:31
4.7k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

düýn 14:41
5.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

düýn 00:59
7.2k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......