Ahalteke bedewlerimiz Özbegistandaky halkara gözellik bäsleşigine gatnaşar

  • 01.05.2026 23:23
  • 3.4k+

Türkmenistan 9–10-njy maýda Özbegistanyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçiriljek ahalteke bedewleriniň atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşar. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer T.Atahallyýew mälim etdi diýip, «Watan» habarlar gepleşigi habar berýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wekilçilikli toparyň goňşy ýurduň paýtagtyna ugradylmagyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Ol şeýle çärelere gatnaşmagyň milli atşynaslyk sungatyny dünýä ýaýmaga ýardam edýändigini belledi.

Daşkentdäki çäreleriň maksatnamasyna «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly maslahat, şeýle hem sport ýaryşlary girýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýän ýylda daşary ýurtlarda şeýle halkara çäreleriň geçirilmeginiň behişdi bedewleriň şan-şöhratyny belende götermekde möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Döwlet Baştutany goňşy ýurtda geçiriljek bäsleşiklere türkmen atşynaslarynyň we bedewleriniň ýokary guramaçylykly derejede gatnaşmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.


şu gün 01:36
593

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

düýn 14:06
5.5k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

düýn 14:01
5.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 10:55
6.5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....