TÜRKSOÝ-yň opera konserti, Ýeňiş güni mynasybetli sergi we Aşgabadyň teatr premýeralary

  • 02.05.2026 13:59
  • 2.7k+

2-nji we 3-nji maýda Aşgabatda, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň opera sungatynyň ussatlarynyň gala-konsertleri geçiriler. Sahnada Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Türkiýeden we Türkmenistandan artistler çykyş eder.

Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri çykyşlary saz bilen utgaşdyrar. Konsertleriň başlanýan wagty — sagat 18:00-da, giriş mugt.

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýi 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli «Gahrymanlarymyza hormat» atly sergini taýýarlady. Sergi 4-nji maýda sagat 11:00-da açylar.

Paýtagtyň teatrlary hem ýakyn günler üçin öz repertuarlaryny hödürledi. Meýilnamada we gatnaşýan artistleriň düzüminde üýtgeşmeleriň bolmagy mümkin, şonuň üçin maglumatlary öňünden anyklamak maslahat berilýär.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry:

  • 02.05.2026 — «Yşgyň gämisi», 19:00
  • 03.05.2026 — «Gelinler», 19:00

Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatry:

  • 02.05.2026 — «Super gaýyn ene», 19:00

Alp Arslan adyndaky Milli drama teatry:

  • 02.05.2026 — «Gyzyl alma», 19:00
  • 03.05.2026 — «Magnitofon», 19:00

A.S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry:

  • 02.05.2026 — «Аршин мал алан», 19:00
  • 03.05.2026 — «Доктор Айболит», 11:00; 13:00
  • 03.05.2026 — «Муж для Памелы», 19:00

Türkmen döwlet gurjak teatry:

  • 02.05.2026 — «Dostlar», 17:00
  • 02.05.2026 — «Çagaly öý — bazar», 19:00
  • 03.05.2026 — «Al ýaňak», 12:00; 17:00
  • 03.05.2026 — «Çagaly öý — bazar», 19:00

düýn 10:55
5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
7k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 16:29
3.7k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....

08.06.2026 12:12
3.6k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......