Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň şekil taslamalary, şol sanda metjidiň we oňa degişli desgalaryň gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy.
TDH-nyň habar bermegine görä, bu ýerde metjidiň çäkleri boýunça alnyp barylýan işlere, metjidiň girelgeleriniň we minaralarynyň binagärlik aýratynlyklaryna, gurluşyk serişdeleriniň hiline, şeýle hem metjidiň çäginde gurulýan Muzeýe aýratyn üns berildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow asyrlar aşyp gelýän haýyrly işleriň künjegi hasaplanylýan metjidiň gurluşygyna we onuň çäkleriniň arassaçylyk derejesine örän jogapkärli we inçelik bilen çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady.
Ähli işleriň, şol sanda içki bezegleriň we ýanaşyk ýerleriň abadanlaşdyrylyşynyň tutuş toplumyň binagärlik sazlaşygyny emele getirmelidigi bellenildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy metjidiň ýanynda we onuň howlusynda ekiljek bag nahallarynyň hem ylmy esasda seçilip alynmalydygyny aýtdy. Gümmezleriň reňk sazlaşygy babatda ýurduň din wekilleri bilen maslahatlaşmagyň wajypdygy nygtaldy.
Şeýle-de, Gurbanguly Berdimuhamedow metjidiň çägindäki muzeýiň daşky bezeg işleriniň barşy bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow häzirki wagtda muzeýiň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny aýtdy.
«Ol bu ýerde il-halkymyzyň ykbaly bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan Gahryman Arkadagymyzyň ömür we zähmet ýoluna degişli gymmatlyklary, şol sanda köp ýyllaryň dowamynda berlen birnäçe döwlet we halkara sylaglary, fotosuratlary, Milli Liderimiziň ýiti zehininden çykan eserleri ýerleşdirmegiň meýilleşdirilýändigini belläp, bu barada özüniň nesihatlaryny bermegini Gahryman Arkadagymyzdan haýyş etdi.
Gahryman Arkadagymyz bu mesele boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine ýüzlenseňiz maksadalaýyk bolar diýip belledi» diýlip, TDH-nyň habarynda bellenilýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň gurluşygynda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrmalydygyna ünsi çekip, ähli işleriň ýokary hil derejesini üpjün etmegi we olary bellenen möhletlerde tamamlamagy tabşyrdy.