«Galkynyş» känini özleşdirmegiň täze tapgyry müňden gowrak iş ornuny döretmäge mümkinçilik berer

  • 18.04.2026 00:06
  • 14k+

«Galkynyş» känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyry ýurduň önümçilik infrastrukturasyny we eksport mümkinçiliklerini düýpli giňeltmegi göz öňünde tutýar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow käniň täze desgalarynyň düýbüni tutmak dabarasynyň dowamynda eden çykyşynda belledi. Dabara «Watan» habarlar gepleşiginde görkezildi.

«Türkmengaz» döwlet konserni bilen Hytaýyň Milli nebit-gaz korporasiýasynyň (CNPC) arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda, ýylda goşmaça 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgalary taslamalaşdyrmak we gurup ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Bu bolsa «mawy ýangyjyň» Gündogar ugruna, şol sanda Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň taslamalaşdyrylýan «D» liniýasy arkaly iberilýän mukdaryny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer.

Taslamanyň esasy görkezijileri:

  • Önümçilik kuwwaty: Ýylda 10 milliard kub metr gazy taýýarlaýan desganyň gurluşygy.
  • Tehnologik üpjünçilik: Çig maly kömürturşy gazdan we kükürtli wodoroddan arassalaýan desgalar, suwuklyklary aýyrýan desga hem-de tehniki kükürt öndürýän desga.
  • Durmuşy ähmiýeti: Taslamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde 1041 sany täze iş orny dörediler.
  • Infrastruktura: Täze ulanyş guýularyny burawlamak, gaz ýygnaýjy, gaz arassalaýjy we gazy gaýtadan işleýän desgalary, gaz geçirijileri we ýaşaýyş-durmuş maksatly binalary gurmak.
  • Innowasiýalar: 3D-robotlaşdyrylan kebşirleýji enjam, awtomatlaşdyrylan robot gözegçisi, guýularyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin niýetlenen döwrebap enjamlar toplumy.

Dördünji tapgyry durmuşa geçirmekde ekologiýa we «ýaşyl» diplomatiýa aýratyn üns berilýär. Tehnologik tapgyrlar metan zyňyndylaryny iň pes derejä düşürmegi hasaba alyp taslamalaşdyryldy.

Mundan başga-da, käniň çäklerinde çägelere garşy berkitme we ösümlik dünýäsini baýlaşdyrma işleri alnyp barylýar. Bu bolsa tozanly ýelleriň enjamlara ýetirýän täsirini azaldýar we sebitiň ekoulgamyny goramaga ýardam edýär.

Şeýle hem, bu gaz käni milli ykdysadyýetiň beýleki pudaklary üçin hem hereketlendiriji güýç bolup hyzmat edýär. Känleriň we gaýtadan işleýän desgalaryň töwereginde ösen ulag we durmuş infrastrukturasy kemala gelýär: işgärler üçin döwrebap ýaşaýyş toplumlary, ýollar we suw üpjünçilik ulgamlary gurulýar. Bu bolsa tutuş Mary welaýatynyň senagat taýdan ösmegine ägirt uly goşant goşýar.


düýn 22:17
855

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.1k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 14:40
1.9k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....