Türkmenistanda geljekki birinji synp okuwçylaryna kompýuter sowgat bermek däbi dowam etdiriler

  • 01.05.2026 23:32
  • 10k+

Türkmenistanda täze okuw ýylynda umumybilim berýän orta mekdepleriň birinji synpyna okuwa kabul edilýän okuwçylara noutbuk kompýuterleri sowgat bermek boýunça asylly däp dowam etdiriler. Degişli Karara anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda ýurduň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Bilim ministrligine «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy we «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti bilen Türkmenistanda öndürilýän noutbuklaryň degişli mukdaryny satyn almak, olary 2026-njy ýylyň 1-nji awgustyna çenli bilim edaralarynda gurnamak we olara tehniki hyzmat etmek barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Döwlet Baştutany wise-premýer B.Mämmedowa bu resminamanyň wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Mejlisde wise-premýer 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda türkmen okuwçylarynyň we talyplarynyň halkara olimpiadalarynda üstünlikli çykyş edip, jemi 807 medal gazanandyklaryny habar berdi.

Döwlet Baştutany innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, giň dünýägaraýyşly ýaş nesli terbiýelemek boýunça alnyp barylýan işleriň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny nygtady. Birinji synp okuwçylary üçin noutbuklaryň satyn alynmagy we sowgat berilmegi bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak hem-de bilim almakda deň mümkinçilikleri döretmek strategiýasynyň bir bölegidir.


düýn 07:39
3k+

TOHI-niň mugallymlary Moskwadaky halkara bäsleşiklerde uly üstünlik gazandy

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary Russiýa Federasiýasynyň ylym-bilim edaralary tarapyndan guralan halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, ýokary orunlary eýeledi....

10.06.2026 07:32
3.3k+

Ýaponiýada mekdep okuwçylary üçin «okuw rugsady» girizildi

Ýaponiýanyň Okinawa prefekturasynda köp mekdepler okuwçylara maşgalasy bilen wagt geçirmekleri üçin ýylda birnäçe gün «okuw rugsadyny» almaga rugsat berýän maksatnamany ornaşdyryp başlady. Bu barada «The Japan......

08.06.2026 23:01
2.8k+

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-da durnukly ösüşiň bähbidine iň gowy taslamalar sylaglandy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde......

02.06.2026 20:35
4k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......