NASA “Nensi Greýs Roman” teleskopyny ýygnamagyny tamamlady

  • 01.05.2026 15:48
  • 1.3k+

“Nensi Greýs Roman” kosmos teleskopy doly ýygnaldy, synagdan geçirildi we uçurmaga taýýar. Bu barada NASA-nyň administratory Jared Aýzekman Goddard adyndaky Kosmos uçuşlary merkezinde geçirilen metbugat ýygnagynda habar berdi.

Apparaty 2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň başynda — bellenen möhletden sekiz aý öň — uçurmak meýilleşdirilýär. Teleskop kosmosa Falcon Heavy raketasynda uçurylar we Ýerden takmynan 1,5 million kilometr uzaklykda ýerleşýän Lagranža L2 nokadyna gönükdiriler.

Apparat diametri 2,4 metr bolan aýna, ýokary çözgütli kamera we ýyldyzlaryň golaýyndaky obýektleri synlamaga mümkinçilik berýän ýörite enjam - koronograf bilen üpjün edilen.

Taslamanyň bahasy 4 milliard dollardan gowrak boldy, şol bir wagtda NASA ony taýýarlamak üçin tassyklanan býujetiň ýetendigini mälim etdi.

Teleskop astronom Nensi Greýs Romanyň adyny göterýär. Onuň aýnasynyň diametri “Habblyň” aýnasynyň diametrine deň, ýöne onuň görüş meýdany takmynan 100 esse giň.

Bu missiýa azyndan bäş ýyla niýetlenen. Alymlar Älemiň emele gelşini, garaňky materiýanyň we garaňky energiýanyň häsiýetlerini öwrenmegi, şeýle hem mikrolinzalary ulanmak bilen ekzoplanetalary gözlemekligi meýilleşdirýärler.


şu gün 10:55
1.2k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

şu gün 08:39
852

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

düýn 10:51
1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

09.06.2026 23:32
3.7k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....