Mettýu MakKonahi we Pedro Paskal Pak Çhan Ugyň western filminde surata düşerler

  • 01.05.2026 11:19
  • 1.6k+

Meşhur günorta koreýaly režissýor Pak Çhan Uk «Rettlkrikli garakçylar» («Разбойники из Рэттлкрика») atly täze western-triller filmini surata düşürer. «Variety» neşiri baş rollary Mettýu MakKonahiniň, Pedro Paskalyň we Ostin Batleriň janlandyrjakdygyny belläp,  filmiň ýyldyzlara baý boljakdygyny ýaňzydýar.

Wakalar Amerikanyň «Ýabany Günbatar» döwründe geçýär. Bu ar alyş hakyndaky drama bolup, onda rehimsizlik, maşgala gymmatlyklary we ýatlamalaryň güýji ýaly çuňňur temalar gozgalýar.

Taslamanyň ssenariýasy «Süňk paltasy» («Костяного томагавка») atly meşhur filmiň awtory S. Kreýg Zaler tarapyndan ýazyldy. Pak Çhan Uk özüniň režissýorlyk işi bilen birlikde, ssenariýany ekranlaşdyrmak işini hem öz üstüne alýar.

Filmde esasy zenan keşbini tanymal hytaýly aktrisa Tang Wéý janlandyrar.

Taslama Kann film festiwalynda halk köpçüligine hödürlener.

Filmiň önümçiligi «Moho Film» kompaniýasy tarapyndan, prodýuserler Bredli Fişer we Maýk Medawoý bilen bilelikde amala aşyrylar.

Ýeri gelende, režissýor Pak Çhan Ugyň özüniň hem şu ýyl geçirilmeli 79-njy Kann kinofestiwalynyň eminler toparynyň başlygy wezipesine bellenendigini ýatladýarys. Festiwal maý aýynyň 12-sinden 23-i aralygynda geçiriler.


düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.5k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....