Stokgolmda emeli aň tarapyndan dolandyrylýan kafe açyldy

  • 02.05.2026 22:48
  • 2.8k+

Stokgolmyň ýaşaýyş nokatlarynyň birinde özboluşly kafe işläp başlady. Bu ýerde esasy dolandyryş çözgütleri Google Gemini-yň esasyndaky emeli aň tarapyndan kabul edilýär. San-Fransiskonyň Andon Labs startapy tarapyndan durmuşa geçirilen bu taslama biznesi hakyky şertlerde dolandyrmak boýunça synag hökmünde amala aşyryldy diýip, «Digital Journal» neşiri ýazýar.

Daşyndan seredeniňde, bu ýer adaty şäher kafelerinden dizaýny we menýusy bilen kän bir tapawutlanmaýar. Esasy tapawut dolandyryş ulgamyndadyr: bu ýerde menejeriň wezipesini sanly gurallar arkaly işgärler bilen aragatnaşyk saklaýan «Mona» atly emeli aň ýerine ýetirýär.

Ulgam menýuny düzmek, satyn almalary amala aşyrmak, işgärleri saýlap almak, ätiýaçlyklary dolandyrmak, guramaçylyk çözgütleri we esasy hasap-faktura işleri üçin jogap berýär. Taslama başlananda, işi gurnamak üçin oňa başlangyç býujet we degişli otag berildi.

Emeli aňyň dolandyrýandygyna garamazdan, kafe işgärleriň gatnaşmagynda işleýär. Ulgam tarapyndan işe alnan baristalaryň biri algoritmiň käwagt satyn almalarda ýalňyşlyk goýberip, gereginden artyk haryt sargyt edýändigini belleýär.

Müşderiler sargytlaryny hem işgärler, hem-de gönüden-göni ulgam arkaly berip bilýär. Munuň üçin kafede maliýe görkezijilerini hakyky wagtda görkezýän ekran we emeli aň bilen habarlaşmak üçin aragatnaşyk kanaly ýerleşdirildi.

Işläp düzüjileriň aýtmagyna görä, taslamanyň maksady emeli aňyň biznesi dolandyrmakdaky mümkinçiliklerini we çäklendirmelerini, şeýle hem ony ulanmagyň etiki taraplaryny öwrenmekden ybarat.

Häzirki wagtda kafe günde ortaça 50–80 adamy kabul edýär, olaryň agramly bölegi bu täze formatyň işleýşi bilen gyzyklanyp gelýär.


17.06.2026 07:37
2.8k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....

05.06.2026 19:21
6.1k+

EA agentleri wirtual Nýu-Ýorkda «ýaşap gördi»: olar özüni nähili alyp barandyr öýdýäňiz?

Emergence AI startap kompaniýasy belli emeli aň modellerini 15 günüň dowamynda Nýu-Ýorkuň wirtual nusgasyna ýerleşdirip, täsin bir tejribe geçirdi. Hünärmenler adam gözegçiligi bolmadyk ýagdaýynda emeli aň......

28.05.2026 18:53
1.1k+

Google Gemini üçin niýetlenen täze «Googlebook» noutbuk seriýasyny çykardy

Google kompaniýasy Gemini Intelligence we ChromeOS bilen işlemek üçin ýörite döredilen, premium derejeli «Googlebook» noutbuk seriýasyny tanyşdyrdy. Onuň ilkinji enjamlary 2026-njy ýylyň güýzünde satuwa çykar....

26.05.2026 19:15
1.6k+

Google iPhone-larda gurnalan gözlegi satyn alandygy barada kazyýet kararyna garşy şikaýat etdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kazyýetiniň «iPhone-larda» düýpden gurnalan gözleg ulgamy derejesi üçin «Apple-a» edilýän tölegleri bikanun diýip ykrar eden antimonopol kararyna garşy şikaýat berdi. Bu barada......