Lihtenşteýniň «Howsalaly gyzy» 30 ýyldan soň täzeden köpe çykarylýar

  • 01.05.2026 14:47
  • 1.8k+

Geljek aý Nýu-Ýorkda geçiriljek «Christie's» auksionynda Roý Lihtenşteýniň meşhur «Howsalaly gyz» («Тревожная девушка») atly eseri satuwa çykarylar we onuň bahasynyň 60 million dollara çenli ýetmegine garaşylýar.

Suratkeşiň karýerasynyň iň güllän döwürleri, ýagny 1964-nji ýylda döredilen bu seýrek eser 30 ýyldan gowrak wagtlap hususy kolleksiýada saklanyp, köpçülige görkezilmän gelipdi. Söwdalaşyk 18-nji maýda «XX asyryň sungaty» atly agşamky auksionyň dowamynda bolar.

Awtoryň meşhur «Gyzlar» bölümine degişli bolan bu eserde, keşbi DC-niň «Girls' Romances» komiksinden alnan sary saçly ýaş zenan maşgala şekillendirilýär. Lihtenşteýn bu keşbi täzeden işläp, ýönekeý elementleriň – çyzyklaryň, reňkiň we şekiliň üsti bilen çuňňur ynsan duýgularyny bermäge çalşypdyr. «Christie's-iň» wekili Sara Fridlander eseri «pop-portretiň iň kämil nusgasy» diýip atlandyrdy we suratkeşiň gazet çapyna öýkünýän özboluşly «Ben-Deý nokatlary» stilini aýratyn ýatlady.

Hakykatdan hem Lihtenşteýniň 1961-nji ýylda başlan bu döredijilik ýoly şu güne çenli plagiat we sungat göçürmesiniň arasyndaky araçäk baradaky jedelleri döretse-de, onuň eserleri bazarda iň geçginli harytlaryň biri bolup galýar.

Ýatladyp geçsek, Lihtenşteýniň işleri yzygiderli bahalar boýunça rekord goýýar: 2017-nji ýylda onuň «Masterpiece» eseri 165 million dollara satylypdy. «Gyzlar» bölümi bolsa on ýyldan gowrak wagt bäri auksionlarda görünmedi. Bu kategoriýadan iň soňky iri satuw 2015-nji ýylda 95 million dollara geçen «Nurse» eseri bolupdy.

Şeýlelikde, öňümizdäki auksion kolleksiýaçylar üçin ussadyň iň belli işleriniň birini edinmäge uly mümkinçilik bolar.


04.06.2026 17:17
5.9k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......

03.06.2026 23:15
3.8k+

Özbegistanda hususy teatrlar we kino önümçiligi salgytlardan boşadyldy

Özbegistanda kino pudagyny we döredijilik ulgamyny goldamagyň täze çäreleri durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda hususy teatrlara, kinematografiýa pudagyna hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň ýurduň çäginde......

03.06.2026 18:04
2.4k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

28.05.2026 12:25
1.8k+

Aýwazowskiniň "Dokuzynjy gom" eseri ilkinji gezek doly restawrasiýadan geçiriler  

Iwan Aýwazowskiniň Rus muzeýiniň ýygyndysyndaky meşhur "Dokuzynjy gom" kartinasy ilkinji gezek doly restawrasiýa ediler diýip, muzeýiň metbugat gullugy habar berdi....