Her dördünji ýaşaýjy – migrant: Ispaniýa 2 ýylda 2 milliondan gowrak adamy kabul etdi

  • şu gün 13:28
  • 1.8k+

2023-nji we 2024-nji ýyllar aralygynda Ispaniýa 2 milliondan gowrak migrant geldi. Olaryň agramly bölegi Latyn Amerikasy ýurtlaryndan gelenlerdir.

Hasaplamalara görä, bu döwürde ýurduň her dördünji ýaşaýjysynyň gelip çykyşy daşary ýurtly bolup çykdy we migrasiýa görkezijileri 2000-nji ýyllaryň başyndaky derejelere golaýlaşdy. Iň uly ösüş Kolumbiýadan, Perudan we Wenesueladan gelenleriň arasynda hasaba alyndy, şeýle-de Ukrainadan gelenleriň hem sany artdy.

Migrasiýanyň köpelmegi sebäpli jemgyýetçilik çekişmeleri-de ýüze çykdy. Aprel aýynda Pedro Sançesiň ýolbaşçylygyndaky hökümet ýüz müňlerçe migranty kanunylaşdyrmak baradaky karary tassyklady. Migrasiýa ministri Euronews kanalyna beren interwýusynda Madridiň häzirki syýasatyny goldaýandygyny we onuň Ýewropanyň migrantlara umumy gözegçiligi güýçlendirmek meýilinden tapawutlanýandygyny mälim etdi.


28.04.2026 22:49
1.9k+

Türkmen wekiliýeti Barselonada BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 27-29-njy apreli aralygynda Barselonada geçirilýän döwlet-hususy hyzmatdaşlygy boýunça 10-njy Halkara forumyna gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.04.2026 10:39
2.1k+

Türkmenistan we ICMPD Wenada migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

14-nji aprelde Wenada (Awstriýa) türkmen wekiliýeti Migrasiýa syýasatyny ösdürmek boýunça halkara merkeziniň (ICMPD) baş direktory Sýuzanna Raab bilen duşuşyk geçirdi....

19.03.2026 06:40
2.1k+

Türkmenistanda BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Sebitleýin wekilhanasy bilen hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

17-nji martda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Amanmuhammet Sazakow BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň Sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy Mahir Safarly bilen duşuşyk geçirdi...

17.03.2026 16:36
3.9k+

Ispaniýada orta asyr galasynyň diňi ýykyldy

Ispaniýanyň Toledo prowinsiýasynda ýerleşýän orta asyra degişli Eskalona galasynyň diňi ýykyldy. Bu barada El País gazeti habar berdi. Polisiýanyň berýän maglumatyna görä, bolan waka zerarly ejir çeken ýok, ýöne gynansak-da, halkyň taryhynyň bir bölegi welin, ýitirildi...