Türkmen wekiliýeti Barselonada BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň forumyna gatnaşýar

  • 28.04.2026 22:49
  • 2k+

Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 27-29-njy apreli aralygynda Barselonada geçirilýän döwlet-hususy hyzmatdaşlygy boýunça 10-njy Halkara forumyna gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Forum BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan guraldy. Onuň çäklerinde türkmen tarapy bazar ykdysadyýetini ösdürmek we hususy pudagyň ornuny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berer.

Gatnaşyjylary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary bilen tanyşdyrmak meýilleşdirilýär. Gepleşiklerde ulag-logistika infrastrukturasy, täze zaman energetikasy, agrosenagat toplumy, sanly ykdysadyýet, şäher infrastrukturasy we syýahatçylyk barada söz açylar.

Hususy maýa goýumlary çekmek üçin meýdança hökmünde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna aýratyn üns berilýär.

Türkmenistan deňze çykalgasy bolmadyk ýurt hökmünde deňiz ýoly bolmadyk ýurtlaryň bähbitleri üçin döwlet-hususy hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Bu babatda deňze çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlar üçin 2024-2034-nji onýyllyga niýetlenen Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň ähmiýeti bellenildi.

Foruma gatnaşmak ýurduň halkara ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, hyzmatdaşlygyň döwrebap gurallaryny ornaşdyrmaga we durnukly ösüşe tarap ygrarlydygyny tassyklaýar.


düýn 16:30
543

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
705

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

12.06.2026 10:04
5.5k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......