Türkmenistanda BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Sebitleýin wekilhanasy bilen hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

  • 19.03.2026 06:40
  • 2.1k+

17-nji martda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Amanmuhammet Sazakow BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň Sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy Mahir Safarly bilen duşuşyk geçirdi.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Taraplar migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşdy.

Mahir Safarly 2024-nji ýylda raýatsyzlygyň soňuna çykmaga gönükdirilen #IBELONG kampaniýasynyň üstünlikli tamamlanandygyny belledi. Onuň sözlerine görä, Türkmenistanyň bu ugurdaky tejribesi beýleki ýurtlar üçin nusga alarlykdyr. Şeýle hem ýurduň Raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça täze Global Alýansa goşulmak bilen, bu ulgamda hyzmatdaşlygy dowam etdirýändigi nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi we bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmegiň ähmiýetini belledi.


düýn 22:20
3k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.5k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....