Türkmenistan we ICMPD Wenada migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

  • 17.04.2026 10:39
  • 2.1k+

14-nji aprelde Wenada (Awstriýa) türkmen wekiliýeti Migrasiýa syýasatyny ösdürmek boýunça halkara merkeziniň (ICMPD) baş direktory Sýuzanna Raab bilen duşuşyk geçirdi.

Gepleşikler 17-nji aprele çenli dowam edýän Serhet howpsuzlygy boýunça bütindünýä kongresiniň çäklerinde amala aşyryldy. Türkmenistanyň wekiliýetine Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasary Sahy Imamberdiýew ýolbaşçylyk etdi.

Taraplar migrasiýany dolandyrmak we serhet howpsuzlygy ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady. Duşuşykda serhetleri toplumlaýyn dolandyrmak, ulgamlary sanlylaşdyrmak we migrasiýa syýasatyny ösdürmek ýaly ileri tutulýan ugurlar maslahatlaşyldy.

Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine hem-de Türkmenistanyň sebitleýin gepleşiklere — Praga we Budapeşt proseslerine gatnaşmagyna aýratyn üns berildi. Bilelikdäki okuw maslahatlary, maglumat alyşmak we synag taslamalary arkaly amaly hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy.

Migrasiýa boýunça maslahat beriş merkezleriniň ICMPD-niň esasy taslamalarynyň biri bolup galýandygy bellenildi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar hyzmatdaşlygy ösdürmek we howpsuz hem-de düzgünleşdirilýän migrasiýa babatynda bilelikdäki başlangyçlary amala aşyrmak baradaky meýillerini tassyklady. 


düýn 11:41
2.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......