Ispaniýada orta asyr galasynyň diňi ýykyldy

  • şu gün 16:36
  • 818

Ispaniýanyň Toledo prowinsiýasynda ýerleşýän orta asyra degişli Eskalona galasynyň diňi ýykyldy. Bu barada El País gazeti habar berdi.

Polisiýanyň berýän maglumatyna görä, bolan waka zerarly ejir çeken ýok, ýöne gynansak-da, halkyň taryhynyň bir bölegi welin, ýitirildi. Diňiň ýykylmagynyň sebäpleri indi anyklanylmaly.

EFE diňiň galanyň girelgesinde ýerleşendigini belleýär. Şol gün bu ýere ýüzlerçe syýahatçynyň gelmegine garaşylýardy. Hernä wakanyň ir bilen bolup geçmegi adamlary howply ýagdaýdan gorady. Daş bölekleri diňe galanyň golaýynda goýlan awtoulaglara zeper ýetirdi.

Ýerli häkimiýetler taryhy ýadygärligiň syýahatçylar üçin wagtlaýyn ýapyljakdygyny duýdurdylar. Indi hünärmenler weýrançylygyň gerimine baha berip, toplumyň beýleki desgalarynyň ýagdaýyny-da barlamaly bolarlar.

Mundan ozal, fewral aýynda Italiýanyň günortasynda zabun howa şertleri sebäpli Adriatika deňziniň kenaryndaky gaýa opurylypdy. Ol ýer köpçüligiň arasynda «Aşyk-magşuklaryň binasy» ady bilen tanalýardy. Melendunýo şäherçesiniň häkimi Maurisio Çisternino apy-tupanyň täsin tebigy görnüşi ýok edendigini aýtdy. Onuň aýdyşy ýaly, bu waka sebitiň abraýyna we syýahatçylyk pudagyna uly zarba boldy.


16.01.2026 15:59
7k+

Ispaniýa raýatlyga kabul etmek boýunça taryhy rekord goýdy

Ispaniýa 2025-nji ýylda raýatlyga kabul etmekde rekord derejä ýetdi. Muny Instituto Nacional de Estadística (INE) tarapyndan berlen maglumatlara esaslanýan Eurostat doly tassyklady. Statistika görä, geçen ýyl 252 476 daşary ýurtly Ispaniýanyň raýatlygyny aldy...

11.12.2025 17:25
1.9k+

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ispaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

10-njy dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Ispaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Rikardo Martines Waskesiň bilen duşuşdy. Ilçi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän halkara çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada geldi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler...

13.10.2025 10:28
2.6k+

Serdar Berdimuhamedow Filipp VI-ni Ispaniýanyň Milli baýramy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Ispaniýanyň Patyşasy Filipp VI we ýurduň ähli halkyna Ispaniýa Patyşalygynyň Milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi...

30.09.2025 18:18
4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Barselonada ÝUNESKO-nyň MONDIACULT - 2025 maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Ispaniýanyň Barselona şäherinde ÝUNESKO-nyň Medeni syýasat we durnukly ösüş boýunça bütindünýä maslahaty (MONDIACULT-2025) geçirilýär. 29-njy sentýabr – 1-nji oktýabr aralygynda dowam edýän maslahatda türkmen wekiliýetine daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa ýolbaşçylyk edýär...