Müňýyllyklar bilen berkän gatnaşyklar: Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň gözbaşy barada gürrüň berdi

  • 21.03.2026 15:16
  • 3.1k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň alypbaryjysy He Ýanke bilen söhbetdeşlikde türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň taryhy gözbaşy we çuňňur kökleri barada gürrüň berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki zaman strategik hyzmatdaşlygyň entek gadymy döwürlerde düýbi tutulan ynam binýadyna daýanýandygyny nygtady.

«Türkmenistan bilen Hytaýyň, biziň halklarymyzyň gatnaşyklaryny dogruçyl beýan etmek üçin onuň taryhy esaslaryny bilmek we olara düşünmek gerek. Bu gatnaşyklaryň arasy hiç haçan üzülmedi, ol köp asyrlaryň dowamynda aýratyn geografik, syýasy, ykdysady we medeni giňişligi döretdi. Bu giňişlikde türkmenler hem-de hytaýlar bilelikde ýaşap, özara gatnaşyk etdiler. Tejribe topladylar, däp-dessurlaryny kemala getirdiler. Bilimlerini, endiklerini, ruhy we maddy gymmatlyklaryny paýlaşdylar. Munuň özi iki ýurduň hem-de olaryň halklarynyň häzirki hyzmatdaşlygynyň derejesini, many-mazmunyny has-da berkitdi. Şoňa görä-de, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara ynanyşmak däpleri kanunalaýyk ýagdaý boldy. Biz muňa buýsanýarys».

Gurbanguly Berdimuhamedow «Kasam şertnamasynyň» ähmiýetini aýratyn belledi. Bu resminama biziň eýýamymyzdan ozalky 49-njy ýylda türkmenleriň ata-babalary bilen Hytaýyň halkynyň arasynda baglaşylypdyr. Halk Maslahatynyň Başlygynyň nygtamagyna görä, bu resminama şu günki günde-de Beýik Ýüpek ýolunyň däplerini dikeltmek işinde iki döwletiň ýolbaşçylary üçin ruhy ugur görkeziji bolup hyzmat edýär.


düýn 22:20
3.6k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.5k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.5k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....